Türkmenistanda ÝUNISEF-iň täze bellenilen wekili işläp başlady

  • 24.06.2019 22:48
  • 3.2k+

24-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda öz missiýasyna başlaýan ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky täze bellenilen wekili hanym Kristina Weýgand bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň DIM-niň saýty habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň başynda ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili öz ynanç hatlaryny gowşurdy. Kristina Weýgandy jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen tarapy çagalaryň hukuklary bilen bagly ähli ulgamlarda bilelikde hereket etmäge hem-de goldamaga taýýardygyny beýan etdi. Öz gezeginde, Kristana Weýgand, mähirli arzuwlary üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösüşiniň netijeliligini belläp, taraplar çagalaryň meseleleri boýunça gatnaşyklary geljekde ösdürmekde meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hanym Weýgand köpýyllyk özara bähbitli hyzmatdaşlyk, Türkmenistanda 2018-2022-nji ýyllar döwri üçin çaganyň hukuklaryny amala aşyrmak boýunça hereketleriň Milli meýilnamasynyň kabul edilmegi, şeýle hem döwlet býujetinden sanjymlary we uny premix bilen baýlaşdyrmaga köpýyllyk maliýeleşdirýändigi üçin Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi.
Mundan öň, Kristina Weýgand 2015-2019-njy ýyllarda ÝUNISE-iň Eýran Yslam Respublikasyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary wezipesinde işledi. 2012-2015-nji ýyllarda ÝUNISEF-iň Madagaskar Respublikasyndaky sosial syýasatyna ýolbaşçylyk etdi. Ol Maastriht uniwersitetini (Niderlandlar) dünýä ykdysadyýeti hünäri boýunça tamamlady.

düýn 17:29
6.4k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.1k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

09.06.2026 12:22
2.4k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

09.06.2026 12:11
12k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......