Birža täzelikleri: geleşikleriň jemi bahasy 150 million 284 müň dollar

  • 24.06.2019 05:52
  • 3.4k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 87-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Singapurdan, Gonkongdan, Owganystandan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, polipropileni, nebit koksuny, az kükürtli ýangyç mazudyny, suwuklandyrylan gazy, uçar kerosinini, Şweýsariýadan we beýleki ýurtlardan gelen işewürler bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakkum gazoýlyny satyn aldylar. Russiýanyň. Owganystanyň, Gazagystanyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietilene, şeýle hem karbamide («Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň önümi) isleg bildirdiler.
Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasyndan, BAE-den, Şweýsariýadan, Türkiýeden, Singapurdan, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna günebakar ýagyny, mebel pamygyny, nah ýüplügi, pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 150 million 284 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Pakistandan, Hindistandan, Gyrgyzystandan gelen işewürler jemi bahasy 12 million 541 müň manatlykdan gowrak nah matany we ýüplügi hem-de saryja goýnunyň ýüňüni satyn aldylar.

düýn 17:29
6.3k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.1k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

09.06.2026 12:22
2.4k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

09.06.2026 12:11
12k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......