Kazanda ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi

  • 24.06.2019 05:43
  • 3.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen geçiren gepleşikleriniň netijesi boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Hususan-da: Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Kazanyň döwlet energetika uniwersitetiniň arasynda Özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty bilen «Innopolis uniwersiteti» awtonom täjirçilik däl ýokary bilim guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Şertnama; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Kazan (Priwolžskiý) federal uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.
Ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserni bilen W.D.Şaşin adyndaky «Tatneft» jemagat paýdarlar jemgyýetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Türkmenistanyň himiýa pudagyny ösdürmek taslamalary boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Toplumlaýyn energoösüş Holding» dolanlyryjy kompaniýasy» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi
Şeýle hem «Kamaz» kysymly awtoulag tehnikalaryny getirmek we olara geljekde hyzmat etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» Agentligi bilen «Kamaz» jemagat paýdarlar jemgyýetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.

düýn 17:29
6.3k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.1k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

09.06.2026 12:22
2.4k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

09.06.2026 12:11
12k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......