2020-nji ýylda Medeniýet hepdeligi Daşoguz welaýatynda geçiriler

  • 22.06.2019 22:48
  • 2.2k+

2020-nji ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler. Türkmenistanyň Prezidenti ýakynda geçirilen hökümet mejlisinde degişli Karara gol çekdi. Resminamada bellenilişi ýaly, bu karara Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde medeniýeti, aýdym-saz, teatr, kino hem-de şekillendiriş sungatyny, telewideniýäni, radiony, metbugaty, neşirýat ulgamyny, kitaphanalary, muzeýleri we medeni-dynç alyş edaralaryny ösdürmek, döredijilik işgärlerini ylham dünýäsine ruhlandyrmak, şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzda asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliklerini türkmen halkynyň milli toýlaryna mahsus görnüşde şatlyk-şowhunly, ýokary derejede geçirmek maksady bilen gol çekildi. Şeýle hem bu hepdeligi geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
Medeniýet ministrligine, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine, Türkmen döwlet neşirýat gullugyna we Daşoguz welaýatynyň häkimligine Medeniýet hepdeliginde sungatyň, çeper döredijiligiň görnüşleri boýunça medeni çäreleriň geçirilmegini we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Belläp geçsek, şu ýyl Medeniýet hepdeligi 22-nji iýunda Balkan welaýatynda badalga aldy. Medeniýet hepdeligi Türkmenistanda medeniýet ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleri giňden beýan etmek, döredijilik işgärleriniň hünäriniň ýokarlandyrylmagyna, sungatyň ösdürilmegine we onuň görnüşleriniň artdyrylmagyna ýardam bermek, medeni diplomatiýany ilerletmek hem-de bu ulgamda halkara gatnaşyklary ösdürmek ýaly wezipeleri çözmäge gönükdirilendir.

düýn 16:26
3.5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

düýn 11:13
6.5k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

düýn 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

düýn 08:53
2.7k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....