Birinji synp okuwçylaryna Türkmenistanda öndürilen kompýuterler sowgat berler

  • 22.06.2019 22:14
  • 7.6k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim syýasatyny durmuşa geçirmek, ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin amatly şertleri döretmek we kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdeplerine 2019 — 2020-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara öwrediji kompýuterleri sowgat bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine bilim edaralary üçin 153885 sany öwrediji kompýuterleri satyn almak üçin şertnama baglanyşmaga rugsat edildi.
Gol çekilen resminama laýyklykda, «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy Türkmenistanda öndürilen 80 000 sany öwrediji kompýuteri satyn alar hem-de 2019-njy ýylyň 25-nji awgustyna çenli olary bilim edaralarynda gurnar we olara tehniki hyzmat eder.
Şeýle hem «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda öndürilen 73 885 sany öwrediji kompýuteri satyn alar, 2019-njy ýylyň 25-nji awgustyna çenli bilim edaralarynda gurnar hem-de olara tehniki hyzmat eder.
Personal kompýuterleri Türkmenistanda 2011-nji ýyldan bäri her ýylda birinji synpa gidýän okuwçylara sowgat hökmünde gowşurylýar. Eger-de öň kompýuterler daşary ýurtlardan satyn alnan bolsa, täze okuw ýylyndan başlap, umumy orta bilim berýän mekdepleriň birinji synpyna gidýän okuwçylar ýurdumyzda öndürilen kompýuterleri satyn alarlar.

düýn 16:26
3.5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

düýn 11:13
6.5k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

düýn 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

düýn 08:53
2.7k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....