Dünýä çempionaty-2022-niň saýlama tapgyrynyň bijeleriniň torbalary mälim boldy

  • 21.06.2019 00:14
  • 8.1k+

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy 2022-nji ýylda Katarda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň bije çekişliginiň torbalaryny mälim etdi. Ýeri gelende aýtsak, bije çekişligi 17-nji iýulda AFK-nyň merkezi edarasynyň ýerleşýän ýeri bolan Kuala-Lumpur şäherinde geçiriler.
Türkmenistanyň milli ýygyndysy bije çekişlikde dördünji torbada ýerleşdirilipdir. Şeýle-de, Mýanmanyň, Gonkongyň, Ýemeniň, Owganystanyň, Maldiwleriň, Kuweýtiň hem-de Malaýziýanyň milli ýygyndylary hem dördünji torbadan ýer alypdyrlar.
Eýranyň, Günorta Koreýanyň, Ýaponiýanyň, Awstraliýanyň, Kataryň, BAE-niň, Saud Arabystanynyň hem-de Hytaýyň milli ýygyndylary birinji torbany emele getiripdirler. Umumylykda, bije çekişlikde milli ýygyndylaryň 40-sy bäş torbada ýerleşdirilipdirler.
Bije çekişligiň netijesinde AFK-nyň çägine girýän ýygyndylaryň 40-sy toparçalaryň sekizisinde çykyş etmäge mümkinçilik alarlar. Iki aýlawdan ybarat boljak saýlama tapgyryna 2019-njy ýylyň 5-nji sentýabrynda badalga berlip, 2020-nji ýylyň 9-njy iýunynda jemlener. Toparçalaryň sekizisi bilen toparçalarda ikinji orunlary eýelänleriň dördüsi üçünji saýlama tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanarlar.
Üçünji tapgyra çykan milli ýygyndylaryň hemmesi-de 2023-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynda çykyş etmäge mümkinçilik alarlar. Üçünji saýlama tapgyrda milli ýygyndylaryň 12-si iki toparçada bäsleşerler. Şonuň netijesinde her toparçada ilkinji iki orny eýelänler dünýä çempionatynyň final tapgyrynda çykyş ederler. Üçünji saýlama tapgyryna çykyp bilmedik ýygyndylaryň 24-si Aziýa Kubogy-2023-iň saýlama tapgyryna gatnaşarlar. Bu oýunlarda Aziýa Kubogynyň final tapgyrynda çykyş etmäge hukuk berýän petekleriň 12-si ugrunda göreşiler.
Bije çekişlige gatnaşýan ýygyndylaryň sanawy:
1-nji torba: Eýran, Ýaponiýa, Günorta Koreýa, Awstraliýa, Katar, BAE, Saud Arabystany, Hytaý.
2-nji torba: Yrak, Özbegistan, Siriýa, Oman, Liwan, Gyrgyz Respublikasy, Wýetnam, Iordaniýa.
3-nji torba: Palestina, Hindistan, Bahreýn, Taýland, Täjigistan, Demirgazyk Koreýa, Hytaý Taýbeýi, Filippinler.
4-nji torba: TÜRKMENISTAN, Mýanma, Gonkong, Ýemen, Owganystan, Maldiwler, Kuweýt, Malaýziýa.
5-nji torba: Indoneziýa, Singapur, Nepal, Kamboja, Bangladeş, Mongoliýa, Guam, Makao – Şri-Lanka duşuşygynyň ýeňijisi.

düýn 23:00
2.7k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......

11.05.2026 22:47
6.8k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......

11.05.2026 07:18
9k+

«Barselona» – çempion! Topar «Realy» utup, 29-njy gezek La Liganyň ýeňijisi boldy

Kataloniýanyň «Barselona» topary Madridiň «Realyny» utup, futbol boýunça Ispaniýanyň çempiony diýen ady möhletinden ir gazandy. «Kamp Nou» stadionynda geçirilen 35-nji tapgyryň duşuşygy 2:0 hasabynda katalon......

10.05.2026 18:36
4.5k+

«Galatasaraý» 26-njy gezek Türkiýäniň çempiony boldy

Stambulyň «Galatasaraý» topary futbol boýunça Türkiýäniň 26-njy gezek çempiony diýen ady aldy....