Türkmen kärhanasy aşhana gaz plitalaryny öndürýär

  • 20.06.2019 23:51
  • 6.3k+

«Hojalyk harytlary» hojalyk jemgyýeti kärhanada öndüriljek aşhana plitalarynyň nusgalaryny köpçülige hödürledi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär. Bu plitalar Ýewropanyň öňdebaryjy tehnologiýalary esasynda taýýarlanyldy. Hödürlenilen nusgalaryň içinde — elektrik ot berýän funksiýasy bolan we duhowka şkafy bolan elektrik plitalar, şeýle hem utgaşdyrylan nusgalar we duhowka-gril bar.
Telekeçiler her ýylda alty müňe çenli gaz, elektrik we utgaşdyrylan plitalary öndürmegi meýilleşdirýär. Bu önümler daşary ýurtdan getirilen plitalar bilen bäsdeşlige ukyply bolar.
Kärhanada diňe bir türkiýeli önüm öndürijilerinden satyn alnan düzüm böleklerini ýygnamak işi däl ýola goýulman, eýsem, hususy önümçilikdäki dürli görnüşli ätiýaçlyk şaýlaryny öndürmek üçin niýetlenilen enjam hem satyn alyndy. Şeýlelikde, plitalaryň umumy möçberiniň düzüm bölekleriniň ýarysy gönüden-göni kärhanada öndüriler.
Gaz we elektrik plitalaryndan başga-da, «Hojalyk harytlary» hojalyk jemgyýeti ýakynda wagtda aşhana wytižkalaryny we tozan sorujylary öndürmekligi ýola goýmaklygy meýilleşdirýär.

düýn 22:44
1.7k+

Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet......

düýn 20:50
5k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

düýn 13:26
1.2k+

Ýapon alymlary ýeke-täk atoma esaslanýan kwant kamerasyny döretdiler

Ýaponiýaly fizikler kwant mikroskopunyň esasy hökmünde ýeke-täk rubidiý atomyny ulanýan täze wizualizasiýa usulyny işläp düzdüler. Ýaponiýanyň Döwlet tebigy ylymlar institutynyň habar bermegine görä, «atom......

düýn 13:04
4.4k+

Fizikler altynyň «ebedi lowurdysynyň» syryny açdy we ony soldurmagyň usulyny tapdy

Altynyň ony naýbaşy şaý-sep metalyna öwürýän himiki passiwligi uzak wagtlaryň dowamynda ylym üçin syr bolup galdy. Tuleýn uniwersitetiniň (ABŞ) alymlar topary ilkinji gezek altynyň okislenmäge bolan täsin......