«Altyn asyr» Gyrgyzystanyň çempionyny ýeňip, toparçada birinji orna çykdy

  • 20.06.2019 00:16
  • 4.4k+

Aşgabatdaky "Köpetdag" satdionynda Türkmenistanyň çempiony "Altyn asyr" AFK-nyň kubogy - 2019-yň bäşinji tapgyrynyň çäginde Bişkek şäheriniň "Dordoýyny" kabul etdi. Gyrgyz Respublikasynyň 10 gezek çempiony "Dordoýy" 3:1 hasabynda ýeňen "Altyn asyr" toparçanyň ugurdaş duşuşygynda "Istiklolyň" "Hujanddan" (ikisi hem Täjigistan) asgyn gelmegi bilen, toparçada birinji orna çykdy.
Hujand şäherinde geçirilen täjik derbisinde “Hujand” topary “Istikloldan” 3:2 hasabynda üstün çykdy. Geçirilen bu tapgyrdan soň täjik toparlarynyň ikisi-de 7 utukdan toplamagy başardylar. Gyrgyzlaryň “Dordoýy” toplan 4 utugy bilen ýaryş tertibinde dördünji orny eýeleýär.
Bäşinji tapgyrdan soňra utugyny 9-a çykaran "Altyn asyr" häzir "D" toparçada birinji orunda. 26-njy iýunda Duşenbede "Istiklol" bilen geçiriljek duşuşykda gazanyljak deňme-deňlik hem biziň ildeşlerimiziň bassyr ikinji ýyl toparçadan çykyp, ýaryşy dowam etdirmäge mümkinçilik berer. Yklym ýaryşyna 2015-nji ýyldan bäri yzygiderli gatnaşyp gelýän "Altyn asyr" toparçanyň jemleýji duşuşygyna ilkinji gezek şeýle artykmaçlyk bilen gidip görýär. Hatda finala çenli ýetilen geçen möwsümde hem biziň ildeşlrimizi toparçanyň "Istiklol" bilen Täjigistanda geçirilmeli soňky duşuşygynda diňe ýeňiş kanagatlandyrýardy. Olar şol arzyly ýeňşi hem gazanyp, türkmen futbolynyň taryhynda ozal görlüp-eşidilmedik sepgide ýetipdiler.

düýn 19:10
3.6k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 17:32
4.6k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....

düýn 10:53
6.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....