Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine bellenildi

  • 17.06.2019 23:49
  • 18k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Karary bilen, Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine bellenildi diýip, "Watan" habarlar gepleşigi habar berýär. Bu wezipä geçmegi bilen ol, welaýat häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
38 ýaşly S.Berdimuhamedow hünäri boýunça hem oba hojalykçydyr. Ol 2001-nji ýylda Türkmen oba hojalyk uniwersitetini tamamlady. Ol 2011-nji ýylda Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasyny, şondan iki ýyl soňra Ženewanyň syýasy howpsuzlyk merkeziniň ýörite maksatnamasyny üstünlikli tamamlap, halkara gatnaşyklary boýunça hünärmen - diplomat bolup ýetişdi. Ol diplomatika boýunça ukybyny we başarjaňlygyny Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde işlän ýyllarynda hem görkezdi.
Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň ýanwar aýynda Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine Hojageldi Hojageldiýew bellenilip, ol Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.

düýn 17:29
6.3k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.1k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

09.06.2026 12:22
2.4k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

09.06.2026 12:11
12k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......