Birža täzelikleri: 132 million 755 müň dollarlyk geleşik baglaşyldy

  • 17.06.2019 00:51
  • 3.6k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 66-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasynaABŞ-dan, Singapurdan, BAE-den, Şweýsariýadan, Owganystandan gelen telekeçilerTürkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini,dizel ýangyjyny, polipropileni, ýangyç mazudy,şeýle hem Russiýadan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Türkiýeden, Özbegistandan, Ukrainadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan bolan täjirler tehniki kükürdi, (“Türkmengaz” DK), ýokary dykyzlykdaky polietileni we polipropileni (Gyýanlynyň polimer zawody), karbamidi we tehniki uglerody,plastik gaby (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar.
Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna awtoulag, reňksiz list aýna, nah ýüplük,buýan köki we onuň guradylan görnüşi ýerlenildi.Satyn alan ýurtlara Russiýa, ABŞ, BAE, Türkiýe, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Owganystan degişlidir. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 132 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Türkiýeden gelen işewürler jemi bahasy 4 million 173 müň manatlykdan gowrak bolannah ýüplügi hem matanysatyn aldylar.

düýn 17:29
6.3k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.1k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

09.06.2026 12:22
2.4k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

09.06.2026 12:11
12k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......