Türkmenistanda ýaşlary iş bilen üpjün etmek boýunça maksatnama kabul edildi

  • 16.06.2019 13:39
  • 4.5k+

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek hem-de ýaşlaryň hünär taýýarlygyny we iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanda ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmagyň we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmegiň maksatnamasyny we şu maksatnamany durmuşa geçirmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekdi.
Bu maksatnamany amala aşyrmagyň çäklerinde ykdysadyýetimiziň pudaklary boýunça hünärmenlere bolan zerurlyklary öwrenmek we ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleri kabul etmek, ýaşlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, oba ýerlerinde zähmet çekmäge bolan höwesini artdyrmak üçin çäreleri işläp düzmek, ýaş hünärmenler üçin mynasyp ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem iň kämil maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan iş orunlarynyň sanyny artdyrmak maksat edinilýär.
Şeýlelik bilen, bu maksatnamanyň ýerine ýetirilmegi ýaşlaryň işe ýerleşmegini üpjün etmäge, zähmet bazarynda olaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder.
Degişli resminama gol çekmek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň innowasion taýdan ösüşe tarap ugur alyp, ýokary hünär derejelerine, häzirki zaman bilimlerine we baý dünýägaraýşa eýe bolan ýaş hünärmenlere aýratyn üns berýändigini nygtady hem-de döwletimiziň munuň üçin mundan beýläk-de hemme zerur şertleri döretjekdigini belledi.

düýn 16:26
3.5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

düýn 11:13
6.5k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

düýn 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

düýn 08:53
2.7k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....