Telekeçiler zibilleri we gaty galyndylary gaýtadan işlemegi meýilleşdirýär

  • 15.06.2019 23:56
  • 5k+

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ulanyşdan galan plastik, kagyz, polietilen, rezin, agaç serişdelerini gaýtadan işlemek hem-de şolardan önümleri öndürmek boýunça kiçi önümçilikleri ýola goýdular. Bu işleri dowam edip, ýurdumyzyň welaýatlarynda zibilleri we gaty galyndylary gaýtadan işleýän önümçilik taslamalaryny amala aşyrmak maksat edinilýär. Bu barada ýakynda geçirilen hökümet mejlisinde habar berildi.
Bu taslamalaryň amala aşyrylmagy netijesinde bir ýylda 500 müň tonna golaý zibilleri we galyndylary gaýtadan işlemäge mümkinçilik döräp, munuň özi daşky gurşawyň goralmagyna goşant bolar. Taslamalary hususy taraplaryň maýa goýumlarynyň we karz serişdeleriniň hasabyna iki ýylyň dowamynda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow, telekeçileriň tekliplerini goldap, galyndylaryň gaýtadan işlenilmeginiň we ikilenji çig maldan önümleri öndürmegiň uzak möhletleýin geljekde «ýaşyl» ykdysadyýet üçin uly ähmiýete eýedigini belledi. Mundan başga-da, bu ulgama maýa goýulmagy ony girdejili işewürlige öwrüp biler.
Ýurdumyzda bu pudagy netijeli ösdürmek üçin bu ulgamda beýleki döwletleriň tejribesini ünsli öwrenmek gerek, daşary döwletlerde şeýle tejribe has oňyn netijelere eýedir diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi. Ekologiýa medeniýeti we jogapkärçilik durnukly ösüşiň aýrylmaz şertleri hökmünde ajaýyp türkmen tebigatyny gorap saklamaga hem-de halkymyzyň durmuş derejesini gowulandyrmaga kömek eder diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

düýn 16:26
3.5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

düýn 11:13
6.5k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

düýn 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

düýn 08:53
2.7k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....