Türkmenistanyň futbol ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde 135-nji orna çykdy

  • 14.06.2019 23:52
  • 5k+

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy FIFA-nyň şu gün täzelenen reýtinginde bir basgançak ýokary galdy.
Horwatiýaly hünärmen Ante Mişeniň ýolbaşçylygyndaky milli ýygyndymyz ýakynda Ugandanyň futbolçylary bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda deňme-deň oýnap (0:0), reýtingde bir basgançak ýokary galyp, 135-nji orunda ýerleşdi. Reýtingiň ilkinji üç ornunda üýtgeşme bolmady. Birinji orny Belgiýa, ikinji orny Fransiýa eýeleýär. Öňdebaryjy üçlügi Braziliýanyň ýygyndysy jemleýär.
Ýakynda türken futbolçylary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçiren Ugandanyň ýygyndysy 79-njy orundan 80-nji orna düşdi.
Eýranyň ýygyndysy ýene-de Aziýa yklymyndan iň ýokarky orny eýeleýär. Goňşularymyz täze sanawyň 20-nji ornunda.
Ýeri gelende aýtsak, Dünýä çempionaty – 2022-niň AFK yklymyndaky saýlama tapgyryna 5-nji sentýabrda badalga berler. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň saýlama tapgyrdaky garşydaşlary 17-nji iýulda geçiriljek bije çekişlikde belli bolar.

düýn 23:00
2.6k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......

11.05.2026 22:47
6.7k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......

11.05.2026 07:18
9k+

«Barselona» – çempion! Topar «Realy» utup, 29-njy gezek La Liganyň ýeňijisi boldy

Kataloniýanyň «Barselona» topary Madridiň «Realyny» utup, futbol boýunça Ispaniýanyň çempiony diýen ady möhletinden ir gazandy. «Kamp Nou» stadionynda geçirilen 35-nji tapgyryň duşuşygy 2:0 hasabynda katalon......

10.05.2026 18:36
4.5k+

«Galatasaraý» 26-njy gezek Türkiýäniň çempiony boldy

Stambulyň «Galatasaraý» topary futbol boýunça Türkiýäniň 26-njy gezek çempiony diýen ady aldy....