Aşgabadyň çäginde täze şäheriň taslamasy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar

  • 14.06.2019 00:17
  • 5.7k+

10-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidentiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdulyýew Aşgabat şäheriniň çäklerinde täze şäheri gurmak boýunça alnyp barylýan işler, hususan-da, döwrebap, tehnologiýalar hem-de innowasiýalar esasynda bina ediljek şäheriň taslamasyny taýýarlamak boýunça işleriň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ak mermerli Aşgabady maksada laýyk ösdürmegiň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi. Şunda milli Liderimiz ekologiýa ýagdaýyna, arassaçylygyň we düzgün-tertibiň pugta berjaý edilmegine, köp babatda adamlaryň durmuşynyň hilini kesgitleýän şäher gurşawyny kämilleşdirmäge yzygiderli gözegçilik etmegiň wajypdygyny belledi.
Döwlet Baştutany täze şäheriň taslamasynyň taýýarlanylyşy babatda häkimden bu ugurda görülýän çäreleri işjeňleşdirip, meýilleşdirilen desgalaryň öz wagtynda tamamlanmaly möhletini we gurluşygyň hilini üpjün etmegi talap etdi.
Şeýle-de, milli Liderimiz Aşgabadyň demirgazygynda ýerleşjek täze şäheriň taslamasynda ähli zerur şertleriň nazara alynmagynyň wajypdygyny aýdyp, bu işi çaltlandyrmak barada häkime anyk tabşyryklary berdi.

şu gün 07:37
1.1k+

Awiakompaniýalar ýolagçylara goşy däl-de, jany halas etmegi öwreder

Halkara howa ulaglary assosiasiýasy (IATA) Rio-de-Žaneýroda geçirilen 82-nji ýyllyk ýygnagynda «Goşuňy däl-de, janyňy halas et» (Save a Life, Not a Bag) atly täze howpsuzlyk kampaniýasyna başlady. Bu......

düýn 16:26
4.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

düýn 11:13
7.1k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

düýn 10:55
5.4k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....