Türkmenistanyň Prezidenti Ylymlar akademiýasyna 35 million manat bölüp berdi

  • 12.06.2019 22:23
  • 4.7k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ylymlar akademiýasynda ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda birnäçe resminamalara gol çekdi. Türkmenistandaky ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça gol çekilen resminama ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine tizleşdirmäge, öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasiýalary we ylmy gazananlary ulanmagyň esasynda ykdysadyýetiň ösmeginde ylmyň ornuny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şeýle hem Türkmenistanda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara topar döretmek hakynda hem resminama gol çekildi.
Geçirilýän ylmy maslahatlary, ylmy saparlary, ylmy innowasion açyşlary we bilelikdäki halkara ylmy taslamalary maliýeleşdirmekligi kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Ylymlary ösdürmegiň gaznasyny döretmek hakynda» karara gol çekdi.
Döwlet Baştutany Ylymlar akademiýasynyň we garamagyndaky ylmy edaralarynyň material-tehniki binýadyny mundan beýläk hem berkitmek, şeýle hem ýokary hünär taýýarlykly ylmy işgärleri taýýarlamakda döwlet goldawyny has hem giňeltmek üçin oňa 35 million manat (10 million amerikan dollary) möçberde pul serişdelerini bölüp bermegi karar etdi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegi maliýe taýdan goldamak hakynda karara gol çekdi.

düýn 22:44
1.7k+

Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet......

düýn 20:50
5k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

düýn 13:26
1.2k+

Ýapon alymlary ýeke-täk atoma esaslanýan kwant kamerasyny döretdiler

Ýaponiýaly fizikler kwant mikroskopunyň esasy hökmünde ýeke-täk rubidiý atomyny ulanýan täze wizualizasiýa usulyny işläp düzdüler. Ýaponiýanyň Döwlet tebigy ylymlar institutynyň habar bermegine görä, «atom......

düýn 13:04
4.4k+

Fizikler altynyň «ebedi lowurdysynyň» syryny açdy we ony soldurmagyň usulyny tapdy

Altynyň ony naýbaşy şaý-sep metalyna öwürýän himiki passiwligi uzak wagtlaryň dowamynda ylym üçin syr bolup galdy. Tuleýn uniwersitetiniň (ABŞ) alymlar topary ilkinji gezek altynyň okislenmäge bolan täsin......