Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň altynjy maslahatynda birnäçe täze Kanunlar we kadalaşdyryjy-hukuk namalary kabul edildi. «Haryt nyşanlary hakynda» we «Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary hakynda» Kanunlaryň taslamalary parlamentarileriň garamagyna hödürlenildi.
Soňra deputatlaryň garamagyna «Psihologik hyzmatlar hakynda» Kanunyň taslamasy hödürlenip, ol biragyzdan kabul edildi.
Deputatlar şeýle hem «Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda», «Notariat we notarial işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça we üýtgetme girizmek hakynda», «Türkmenistanyň adalat edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Howa kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Kärhanalar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Galyndylar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Weterinariýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda, «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Kanunlarynyň taslamalaryna garadylar.
Mundan başga-da, mejlisde «Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamany tassyklamak hakynda», «Halkara Zähmet Guramasynyň 1976-njy ýylyň «Halkara zähmet kadalaryny ulanmaga ýardam bermek boýunça üçtaraplaýyn geňeşmeler hakyndaky» 144-nji Konwensiýasyna goşulmak hakynda», «2015-nji ýylyň 13-nji aprelinde Seul şäherinde gol çekilen Girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hem-de fiskal boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Konwensiýa üýtgetmeler girizmek hakyndaky Teswirnamany tassyklamak hakynda», «Hususy pudagy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasy baradaky Ylalaşygyň maddalaryny tassyklamak hakynda», «Maýa goýumlary we eksport karzlary ätiýaçlandyrmak boýunça Yslam korporasiýasy baradaky Ylalaşygyň maddalaryny tassyklamak hakynda», «Türkmenistanyň Mejlisiniň aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça saýlanylan deputatlarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň taslamalaryna garaldy. Mundan başga-da, birnäçe beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.
Türkmenistanyň Mejlisi täze Kanunlary kabul etdi
- 10.06.2019 23:20
- 9.2k+