Türkmenistan Uganda bilen ýoldaşlyk duşuşygyny 0:0 hasap bilen oýnady

  • 10.06.2019 23:02
  • 2.7k+

Horwatiýaly tälimçi Ante Mişeniň ýolbaşçylygynda 2022-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň taýýarlygynyň çäginde BAE-de okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Ugandanyň ýygyndy topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Abu-Dabiniň “New York University” stadionynda geçirilen duşuşyk 0:0 hasabynda tamamlandy.
Ýeri gelende aýtsak, ýygyndy toparymyz 3-11-nji iýun aralygynda BAE-de okuw-türgenleşik ýygnanyşygy geçirýär.
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň esasy düzümi: Mämmet Orazmuhammedow (d), Güýçmyrat Annagulyýew, Şöhrat Söýünow, Mekan Saparow, Wezirgeldi Ylýasow, Arslanmyrat Amanow (k), Artur Geworkýan, Gurbangeldi Batyrow, Serdar Geldiýew, Altymyrat Annadurdyýew, Wahyt Orazsähedow.
Uganda 1960-njy ýyldan bäri FIFA-nyň agzasy we 1959-njy ýyldan bäri KSF-nyň agzasy bolup durýar. Ýygyndy iň ýokary üstünligini 1978-nji ýylda Afrikan Milletleriniň Kubogynyň final duşuşygyna çykmak bilen gazandy. Ýygyndyny fransuz hünärmeni Sebastýan Dezabre türgenleşdirýär. Ugandanyň ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde 79-njy ýerde durýar.

şu gün 08:03
575

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

düýn 19:10
4.6k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 17:32
5.5k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....

düýn 10:53
6.7k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......