Türkmenistan Nýu-Ýorkda geçiriljek dokma önümleriniň sergisine gatnaşar

  • 10.06.2019 00:21
  • 3.7k+

Türkmenistan «Home Textiles Sourcing Expo 2019» sergisine gatnaşar. Serginiň direktory Jennifer Bekonyň bellemegine görä, «öý hojalyk dokmasy bazarynda dünýäde öňdebaryjy bolmak bilen biz bu sergide dürli döwletleriň önümlerini hödürlemäge şatdyrys. Pudaklaýyn sergiler dogrusynda gürrüň edilende, amerikan sarp edijileri ýerli hem-de daşary ýurtlaryň önümleriniň bolmagyny talap edýärler. Biz hem «Home Textiles Sourcing Expo 2019» sergisine tutuş dünýäden rekord möçberdäki gatnaşyjylaryň boljakdygyny habar bermäge şatdyrys». Bu barada ORIENT agentligi habar berýär.
22-24-nji iýulda Nýu-Ýorkda geçiriljek sergä şu ýyl ilkinji gezek Türkmenistan gatnaşar. Ýurdumyzyň dokma senagatynyň öňdebaryjy kärhanalary ýatalga, hammam, aşhana we naharhana egin-eşikleri, şeýle hem halylar ýaly kategoriýalar boýunça öý üçin niýetlenen önümlerini hödürlärler.
2019-njy ýylyň ýanwar-mart aýlarynda türkmen dokma önümleriniň dürli görnüşleriniň eksporty 37,5 %, taýýar önümleriniň eksporty – 68,6 % artdy. Şu ýylyň bäş aýynda Dokma senagaty ministrligi boýunça önümçiligiň ösüş depgini 153,9 göterime deň boldy.
«Home Textile Sourcing Expo» — «Messe Frankfurt» bilen «CCPIT-TEX-iň» uzakmöhletleýin taslamasydyr. Belläp geçsek, ýakynda meşhur Frankfurt ýarmarkasynyň wekilligi Aşgabatda açyldy.

düýn 16:26
3.5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

düýn 11:13
6.5k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

düýn 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

düýn 08:53
2.7k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....