Hytaýda mobil aragatnaşygyň 5G nesli peýdalanylyp başlandy

  • 09.06.2019 14:23
  • 4.2k+

Hytaýyň senagat we maglumat tehnologiýalary ministrligi milli operatorlaryna mobil aragatnaşygynyň 5G neslini köpçülikleýin peýdalanmaga rugsat berdi, diýip ORIENT agentligi «China daily» gündelik hytaý gazetine salgylanyp habar berýär. Bu operatorlara «China Mobile», «China Telecom» we «China Unicom», şeýle hem «China Broadcasting Network» döwlet korporasiýasy degişli. Munuň özi 5G-den peýdalanmaklyga tarap ädimi aňladýar.
Senagat we maglumat tehnologiýalary ministri Mýao Weýiň belleýşi ýaly, Hytaý öz 5G bazaryny emele getirmeklige işjeň gatnaşýan daşary ýurt kompaniýalaryny goldaýar. 5G — rewolýusion ýokary tizlikli tehnologiýa bolup, onuň kömegi bilen maglumatlar 4G garanyňda, azyndan, 10 esse tiz geçiriler.
Mobil aragatnaşygynyň ählumumy ulgamynyň çaklamagyna görä, 5G-den peýdalanýan 460 million ulanyjysy bilen Hytaý 2025-nji ýylda bu ugurda dünýäde iri bazara öwrüler. China Mobile-yň bellemegine görä, sentýabryň ahyryna çenli 5G hyzmatlary Hytaýyň 40-dan gowrak şäherlerinde elýeterli bolar. Onuň bellemegine görä, 5G-niň ygtyýarlandyrylmagy Hytaýyň kiber döwlete öwrülmeginden esasy ädim bolar we telekommunikasiýa ulgamynda bäsdeşlikde ýeňmegine ýardam eder.
Telekommunikasiýa enjamlaryny öndüriji bolan «Huawei Technologies Co» hem 5G-ni köpçülikleýin ýaýratmakda Hytaýa ýardam etmäge taýýardygyny mälim etdi. 2009-njy ýyldan bäri Huawei 5G boýunça barlaglary geçirmeklige 2 milliard dollardan gowrak maýa goýum sarp etdi.
2019-njy ýylyň maý aýyna çenli ýagdaýa görä, dünýäniň 28 kärhanasy 5G ulgamyň standartlary üçin patent almak üçin arza berdi. Bu arzalaryň 30 %-i hytaý kärhanalarynyň paýyna düşýär.

28.05.2026 23:53
5.5k+

iPhone ogrularyň eline düşen badyna gulplanar

Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny köçede ogurlamak ýa-da elden çekip almak synanyşygy bolanda, enjamy awtomat gurup goýjak täze funksiýanyň üstünde işleýär. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi....

28.05.2026 18:53
1k+

Google Gemini üçin niýetlenen täze «Googlebook» noutbuk seriýasyny çykardy

Google kompaniýasy Gemini Intelligence we ChromeOS bilen işlemek üçin ýörite döredilen, premium derejeli «Googlebook» noutbuk seriýasyny tanyşdyrdy. Onuň ilkinji enjamlary 2026-njy ýylyň güýzünde satuwa çykar....

28.05.2026 12:27
2.4k+

Apple kompaniýasy iOS 26.5-i çykardy: onda näme täzelikler bar?

Apple kompaniýasy resmi taýdan iOS 26.5 täzelenmesini hödürledi. Bu täzelenme ulanyjylara täze funksional mümkinçilikleri hödürlemek bilen birlikde, howpsuzlyk ulgamyndaky 50-den gowrak kemçilikleri düzedýär....

27.05.2026 14:38
1.7k+

«Eurostat» ýewropa kompaniýalarynyň näme üçin emeli aňy ulanmaýandyklaryny anyklady

Tehniki başarnyklaryň ýetmezçiligi, maglumatlaryň gizlinligi babatdaky gorkular we hukuk taýdan näbellilikler ýewropa kompaniýalarynyň emeli aň (EA) gurallaryny ulanmakdan ýüz döndermeginiň esasy sebäpleri......