Aşgabatda «SAP SE» nemes kompaniýasynyň önümleriniň sergisi geçiriler

  • 09.06.2019 00:47
  • 2.9k+

11-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda «SAP SE» dünýä belli nemes kompaniýasynyň önümleriniň sergisi geçiriler, diýip TSTB-niň resmi saýty habar berýär.
Bu çäre Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Turkmen-Tranzit» HJ tarapyndan TSTB-niň goldaw bermeginde gurnalar we döwlet düzüminiň we hususy telekeçileriň wekillerine niýetlenendir. Çäreleriň çäklerinde sanly tehnologiýalary we resminamalaryň elektron dolanyşygyny ornaşdyrmak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy meseleleri boýunça işewür duşuşyklary geçirmek meýilleşdirildi.
Prezentasiýalary we maslahatlary hödürlemek üçin «SAP SE» kompaniýasynyň tejribeli daşary ýurtly bilermenleri gatnaşar. Bu nemes kompaniýasy IT-önümleriniň ygtybarly öndürijisi we sanly ykdysadyýetiň we resminamalaryň elektron dolanyşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmekde baý tejribä eýedir.
«SAP SE» — nemes kompaniýasy bolup, ol guramalar üçin maglumat üpjünçiligini öndürýär. Ştab-kwartirasy Waldorfda (Germaniýada) ýerleşýär. «SAP» kompaniýasy IBM öňki bäş sany işgäri tarapyndan döredilipdi. Kompaniýa buhgalterçilik hasaby, söwda, önümçilik, maliýeler, işgärleri dolandyrmak, ammarlary dolandyrmak ýaly kärhananyň içerki prosesleri üçin awtomatlaşdyrylan ulgamy işläp düzýär.

28.05.2026 23:53
5.5k+

iPhone ogrularyň eline düşen badyna gulplanar

Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny köçede ogurlamak ýa-da elden çekip almak synanyşygy bolanda, enjamy awtomat gurup goýjak täze funksiýanyň üstünde işleýär. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi....

28.05.2026 18:53
1k+

Google Gemini üçin niýetlenen täze «Googlebook» noutbuk seriýasyny çykardy

Google kompaniýasy Gemini Intelligence we ChromeOS bilen işlemek üçin ýörite döredilen, premium derejeli «Googlebook» noutbuk seriýasyny tanyşdyrdy. Onuň ilkinji enjamlary 2026-njy ýylyň güýzünde satuwa çykar....

28.05.2026 12:27
2.4k+

Apple kompaniýasy iOS 26.5-i çykardy: onda näme täzelikler bar?

Apple kompaniýasy resmi taýdan iOS 26.5 täzelenmesini hödürledi. Bu täzelenme ulanyjylara täze funksional mümkinçilikleri hödürlemek bilen birlikde, howpsuzlyk ulgamyndaky 50-den gowrak kemçilikleri düzedýär....

27.05.2026 14:38
1.7k+

«Eurostat» ýewropa kompaniýalarynyň näme üçin emeli aňy ulanmaýandyklaryny anyklady

Tehniki başarnyklaryň ýetmezçiligi, maglumatlaryň gizlinligi babatdaky gorkular we hukuk taýdan näbellilikler ýewropa kompaniýalarynyň emeli aň (EA) gurallaryny ulanmakdan ýüz döndermeginiň esasy sebäpleri......