«KAMAZ» Türkmenistana ýylda 1 müň ýük awtoulagyny satmak boýunça şertnama baglaşar

  • 09.06.2019 00:12
  • 5.4k+

Russiýanyň «KAMAZ» kompaniýasy 2019-njy ýylda Türkmenistan bilen ýylda 1 müňe golaý awtoulagy getirmek boýunça şertnama gol çekmegi meýilleşdirýär, diýip Trend agentligi TASS agentligine salgylanyp habar berýär. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Sergeý Kogogin belledi.
Bu barada Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäklerinde beýan edildi. «(Türkmenistan bilen) ýokary derejede gepleşikler geçirildi. Şertnamany taýýarlamak işleri alnyp barylýar... Şertnamany şu ýyl baglanyşmaga bil baglaýarys» - diýlip habarda telekeçiniň sözleri getirilýär.
Ýatlatsak, Türkmenistan Russiýanyň öňdebaryjy ýük maşyngurluşyk kärhanasynyň önümlerini iri hem-de durnukly satyn alyjylaryň biridir. 2008-2028-nji ýyllar aralygyndaky döwürde «KAMAZ» kysymly jemi 9 müňden gowrak ýük awtomobilleri we ýöriteleşdirilen tehnikalar satyn alyndy. Bu ýük awtomobilleri we ýöriteleşdirilen tehnikalar ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda üstünlikli peýdalanylýar. Türkmenistanda Aşgabatda, Balkanabatda, Maryda we Türkmenabatda hereket edýän «KAMAZ-yň» dilerlik tory döredildi.

düýn 17:29
6.3k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.1k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

09.06.2026 12:22
2.4k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

09.06.2026 12:11
12k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......