Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Ugandanyň ýygyndysy bilen duşuşdy

  • 08.06.2019 00:38
  • 3.1k+

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Afrika yklymyndan ýygyndy topara garşy ilkinji gezek resmi däl halkara duşuşygyny geçirdi. Uganda döwletiniň ýygyndysy bilen geçirilen duşuşyk 2:0 hasaby bilen ugandalylaryň ýeňşi bilen tamamlandy, diýip Turkmenportal habar berýär.
Bu duşuşyk Türkmenistanyň ýygyndysynyň taryhynda Afrika yklymynyň ýygyndysy bilen ilkinji duşuşykdyr. Häzirki wagta çenli biziň ýygyndy toparymyz diňe Aziýanyň we Ýewropanyň ýygyndy toparlary bilen duşuşyklary geçirýärdi.
Ýatlap geçsek, Ugandanyň milli ýygyndysy bilen FIFA-nyň resmi ýoldaşlyk duşuşygy 9-njy iýunda Abu-Dabide ýerli wagt bilen 20:00-da Nýu-Ýork uniwersitetiniň futbol meýdançasynda geçiriler.
Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndy topary häzirki wagtda Dubaýda (BAE) okuw-türgenleşik ýygynyny geçirýär. Bu ýerde olar AFK zolagynda 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama duşuşyklaryna taýýarlyk görýärler. Türkmen futbolçulary BAE-de 11-nji oýuna çenli bolup, soňra Aşgabada dolanyp gelerler.
Ugandanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Gündogar Afrikanyň döwletini — Uganda Respublikasynyň adyndan halkara futbol ýaryşlaryndan we ýoldaşlyk duşuşyklarynda wekilçilik edýär. 1960-njy ýyldan bäri FIFA-nyň agzasy we 1959-njy ýyldan bäri KSF-nyň agzasy bolup durýar. Ýygyndy iň ýokary üstünligini 1978-nji ýylda Afrikan Milletleriniň Kubogynyň final duşuşygyna çykmak bilen gazandy. Ýygyndyny fransuz hünärmeni Sebastýan Dezabre türgenleşdirýär. Ugandanyň ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde 79-njy ýerde durýar.

düýn 19:10
3.6k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 17:32
4.6k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....

düýn 10:53
6.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....