Göreşiji Aman Berdigulyýew Minskdäki BFC-45 ýaryşyna gatnaşar

  • 07.06.2019 01:24
  • 10k+

7-nji iýunda Minskide başa-baş göreş dünýäsinde möhüm waka bolup geçer. «BFC-45» ýaryşy K-1-den, taýland boksundan, MMA-dan we GMMA professional toparlaýyn bäsleşiginden iň gowy türgenleri jemlär, diýip Turkmenportal Tikcetpro.by saýtyna salgylanyp habar berýär.
Turniriň çäklerinde belarus türgenleri: Ýuriý Žukowskiý, Murat Azerbiýew, dünýä kikboksinginiň ýyldyzy Alýona Leşkewiç duşuşar. Professional muaý-taý düzgünleri boýunça Türkmenistanyň çempiony Aman Berdigulyýew we Ýewropanyň çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi Andreý Çigileýk duşuşyk.
Duşuşyk agşamynda şeýle hem MMA düzgünleri boýunça halkara bäsleşikleriniň çempionlary we ýeňijileri Şamil Ýahýew we Timofeý Olşannikow, Wladislaw Nowisskiý we Turhan Süleýman ogly, Waleriý Daşkewiç we Pawel Monid duşuşar.
Agyr agramlarda çykyş edýän Wadim Litwin bilen Andreý Žukowskiýniň rewanşyny aýratyn bellemek bolar. Ýatlap geçsek, ilkinji çekeleşikli duşuşykda Wadim Litwin ýeňiji bolmagy başarypdy.
Belarusda geçiriljek ýaryşa «King of King» we «Bushido» promouter kompaniýasynyň ýolbaşçysy Donatas Simonaýtis gatnaşar. Duşuşyklaryň netijeleri boýunça ol «КОК» we «Bushido» ýaryşlarynda çykyş etmek üçin iň ökde türgenleri saýlap alar.

düýn 19:10
3.7k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 17:32
4.7k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....

düýn 10:53
6.3k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....