Gurban Berdiýew kazanyň «Rubininiň» baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy

  • 06.06.2019 06:59
  • 7k+

Türkmen futbol hünärmeni Gurban Berdiýew topar bilen şertnamasynyň möhleti tamamlanmazdan öň kazanyň «Rubin» toparynyň baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy, diýip «Biznes Online» rus neşiri habar berýär.
Maglumata görä, tälimçini wezipesinden boşatmak hakynda karar futbol toparynyň ýolbaşçylarynyň we hemaýatkärleriniň bilelikdäki duşuşygynda we möwsümiň netijeleri jemlenende kabul edildi. Toparyň ýolbaşçylary tälimçiniň ýylda 3 mln ýewro alýandygyna garamazdan futbolçylaryň gazanýan netijelerinden we umumy oýnundan närazydylar. Şertnama laýyklykda, türkmen hünärmeni ýene 2 ýyl toparda zähmet çekip bilýärdi.
Gurban Berdiýew «Rubin» toparyna 2001-2013-nji ýyllarda tälimçilik etdi, soňra bolsa 2017-nji ýylda dolanyp geldi. Onuň ýolbaşçylygynda topar 478 duşuşyk geçirdi (208 ýeňiş, 140 deňme-deň, 130 ýeňliş). Kazanyň «Rubini» bilen Gurban Berdiýew 2008-nji we 2009-njy ýyllarda Russiýanyň çempionatynda ýeňiji boldy, şeýle hem 2011/2012 ýyllaryň möwsüminde Russiýanyň Kubogyny almagy başardy.
Tatarystanyň kluby 2018/2019-njy ýyllaryň möwsüminde Russiýanyň çempionatyny 36 utuk bilen 11-nji ýerde tamamlady. Bu görkeziji toparyň RPL-e düşeni bäri iň ýaramaz netijesidir.

düýn 19:10
3.7k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 17:32
4.7k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....

düýn 10:53
6.3k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....