Ýaş türkmenistanly robot ýygnaýjylary ABŞ-daky «Genius» olimpiadasyna gatnaşýarlar

  • 06.06.2019 06:38
  • 4.5k+

Türkmenistandan ýaş robot ýygnaýjylar Ahmet Akyýew we Ahmet Amanow 17-22-nji iýun aralygynda ABŞ-nyň Oswego şäherinde geçiriljek «Genius» halkara ýöriteleşdirilen olimpiadasyna öz taslamalaryny hödürlärler, diýip ORIENT agentligi habar berýär.
Himiýa mugallymlary Atamyrat Şahanowyň ýolbaşçylygynda mekdep okuwçylary tarapyndan oýlanyp tapylan robot dünýä derejeli özboluşly taslamadyr. Ol ýangyn bolýan ýerlerden adamlary halas etmek üçin işlenip düzülipdir we şol ýerleri hereket etmek üçin päsgelçilik berýän predmetlerden arassalamaga ukyplydyr.
ABŞ-da geçiriljek olimpiadada dünýäniň dürli künjeginden gelen ýaş zehinler birnäçe tapgyry başdan geçirerler we tejribeli eminlere öz taslamalaryny hödürlärler. Ýeňijini saýlamakda esasy üns taslamanyň ekologiýalylygyna, durnukly ösüş bilen baglylygyna we döredijilikli düzüjilerine berler.
Ahmet Akyýew eýýäm birnäçe halkara bäsleşikleriniň ýeňijisi bolmagy başardy. Ol Hytaýda 2019-njy ýylda geçirilen ýaş zehinleriň taslama bäsleşiginde bürünç medala, Meksikada geçirilen «First Global» halkara robot bäsleşiginde bolsa ýeňiji bolmagy başardy.

28.05.2026 23:53
5.5k+

iPhone ogrularyň eline düşen badyna gulplanar

Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny köçede ogurlamak ýa-da elden çekip almak synanyşygy bolanda, enjamy awtomat gurup goýjak täze funksiýanyň üstünde işleýär. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi....

28.05.2026 18:53
1k+

Google Gemini üçin niýetlenen täze «Googlebook» noutbuk seriýasyny çykardy

Google kompaniýasy Gemini Intelligence we ChromeOS bilen işlemek üçin ýörite döredilen, premium derejeli «Googlebook» noutbuk seriýasyny tanyşdyrdy. Onuň ilkinji enjamlary 2026-njy ýylyň güýzünde satuwa çykar....

28.05.2026 12:27
2.4k+

Apple kompaniýasy iOS 26.5-i çykardy: onda näme täzelikler bar?

Apple kompaniýasy resmi taýdan iOS 26.5 täzelenmesini hödürledi. Bu täzelenme ulanyjylara täze funksional mümkinçilikleri hödürlemek bilen birlikde, howpsuzlyk ulgamyndaky 50-den gowrak kemçilikleri düzedýär....

27.05.2026 14:38
1.7k+

«Eurostat» ýewropa kompaniýalarynyň näme üçin emeli aňy ulanmaýandyklaryny anyklady

Tehniki başarnyklaryň ýetmezçiligi, maglumatlaryň gizlinligi babatdaky gorkular we hukuk taýdan näbellilikler ýewropa kompaniýalarynyň emeli aň (EA) gurallaryny ulanmakdan ýüz döndermeginiň esasy sebäpleri......