Türkmenistanda demir ýol biletlerini onlaýn satyn almagyň düzgünleri

  • 04.06.2019 18:26
  • 10k+

1-nji iýundan başlap «Türkmendemirýollary» agentligi biletleriň onlaýn satuwyny ýola goýdy. Şunuň bilen baglylykda, biletleriň bahasy, el we ýan goşlaryň düzgüni we elektron biletlerden peýdalanmagyň usuly hakynda «Türkmendemirýollary» agentliginiň resmi saýtynda ýerleşdirilen, ýolagçylar tarapyndan köp soralýan soraglaryň içinden esasylarynyň jogaplaryny siziň dykgatyňyza ýetirýäris.
Aşakdaky soraglardan we jogaplardan özüňize gerek maglumaty tapyp bilmedik ýagdaýyňyzda "089" belgisine jaň etmek arkaly biziň bilen habarlaşyň!
• Çagalar üçin bilet tölegsizmi?

- Her uly adam öz ýanynda 5 ýaşa çenli bir çagany tölegsiz alyp gitmeklige hukugy bar. Eger ýanyndaky çaga sany birden kän bolan ýagdaýynda, beýleki çagalar üçin "Çaga" nyrhnamasy arkaly bilet almaly. Ýöne ýanyňyzdaky çaga tölegsiz bolan ýagdaýynda hem, bilet alanyňyzda öz ýanyňyz bilen çaganyň hem syýahat edýändigini beýan etmeli. Eger-de ýanyňyzda syýahat edýän çaga 5-10 ýaş aralygynda bolsa, onda her çaga üçin aýratynlykda "Çaga" nyrhnamasyndan bilet almaly. 10 ýaşdan uly çagalara doly bahadan bilet almaly.
• Internet arkaly alnan elektron biletiň we kassadan alnan biletiň arasynda tapawut barmy?
Internet arkaly ýa-da kassadan alnan biletleriň ählisi şol bir güýje eýe. Internet arkaly ýa-da kassada satylýan biletleriň nyrhlary hem birmeňzeş.
• Internet ulgamynda bilet ýok bolan ýagdaýynda kassada bar bolup bilermi?
Ýok. Sebäbi internet ulgamy we kassalar şol bir ulgama birikdirilen. Eger-de internet ulgamynda bilet tapmadyk ýagdaýyňyzda kassalara ýüz tutmak netijesiz. Eger-de kassalarda bilet ýok bolsa, onda internet ulgamyndan hem bilet tapyp bilmersiňiz.
• Ýolagçy ýany bilen näçe kilogram goş äkidip biler?
- Her ýolagça ýany bilen 100 kg çenli goş äkitmäge rugsat berilýär. Ýanyňyzdaky goş 100 kg geçen ýagdaýynda ýük goşlary hökmünde hasaplanýar. 100 kg geçýän ýük bilen syýahat eden ýagdaýyňyzda syýahatyňyzdan öň ýük gatnawlary bölümine ýüz tutuň. Ýanyňyz bilen alyp gidýän goşlaryňyzyň her biriniň ölçegi 100x30x50 santimetrden geçmeli däl.
• Kassadan ýa-da Internet arkaly alynan Elektron biletleri ulanmagyň düzgünleri nähili?
Internet arkaly alan bilediňizi kagyza çap etmek hökmanydyr. Kassalardan bilet alanyňyzda bilediňiziň çap edilen görnüşi size beriler. Bilediňizi haýsy şahsyýeti anyklaýan resminama arkaly alan bolsaňyz (pasport, doguluş hakynda şahadatnama, harby bilet) şol resminama bilen birlikde bilediňiziň çap edilen nusgasyny syýahatyňyz gutarýança ýanyňyzda saklamaly. Elektron bilediňiziň ýörite skaner arkaly hakykylygy barlanýanlygy sebäpli doly okaljak görnüşde çap etmegiňizi we zeper ýetirmezligi size ýatladýarys. • Ýolagçylaryň we el goşlaryň hasaba alynyşygy näçe wagt öňünden başlanýar?
Syýahatyňyzyň başlaýan wagty siziň elektron bilediňizde görkezilen. Ugramaly wagtyňyzdan iň azyndan 30 minut öňünden görkezilen wokzalyň ýada stansiýanyň ugraýan ýolagçylar bölüminde bolmagyňyzy ýatladýarys.
• Küpe, plaskart we SW wagonlaryň arasynda näme tapawut bar?
Küpe wagonlarynyň her bölegi 4 ýolagçy (2 gatly orun) üçin niýetlenilen we her bölegiň koridora açylýan gapylary bar. Plaskart görnüşli wagonlarda her bölek 6 ýolagçy üçin niýetlenilen (3 gatly orun) we bölekleriň koridor bilen aralykda gapysy ýok. SW wagonlar diňe 2 sany ýolagçy üçin niýetlenilen we her bölegiň koridora açylýan gapylary bar.
• Biletleri yzyna gaýtarmak mümkünmi? Yzyna gaýtarylan biletlerden tutumlar nähili?
Biletleri yzyna gaýtarmak mümkin. Yzyna gaýtarylan biletlerde tutumlar "Gidiş" we "Gaýdyş" biletlerine görä üýtgeýär.
"Gidiş biletlerini" yzyna gaýtarmagyň şertleri:
24 sagatdan öň tabşyrsaň:
- Ýol nyrhy we ätiýaçlandyryş nyrhy yzyna berilýär;
- Hyzmatlar üçin alnan 3 manat tutulýar.
6 sagatdan öň tabşyrsaň:
- Ýol nyrhyndan 10% tutulýar;
- Hyzmatlar üçin alnan 3 manat tutulýar;
- Ätiýaçlandyryş nyrhy yzyna berilýär.
6 sagatdan az galanda tabşyrsaň:
- Ýol nyrhyndan 25% tutulýar;
- Hyzmatlar üçin alnan 3 manat tutulýar;
- Ätiýaçlandyryş nyrhy yzyna berilýär.
"Gaýdyş Biletlerini" yzyna gaýtarmagyň şertleri:
3 günden öň tabşyrsaň:
- Ýyl nyrhy we ätiýaçlandyryş nyrhy doly yzyna berilýär;
- Hyzmatlar üçin alnan 3 manat tutulýar.
3 günden az galanda tabşyrsaň:
- Ýol nyrhyndan 25% tutulýar;
- Hyzmatlar üçin alnan 3 manat tutulýar;
- Ätiýaçlandyryş nyrhy yzyna berilýär.

düýn 11:37
2.7k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

düýn 07:28
6.4k+

Nike Dünýä çempionaty – 2026 üçin gyzykly 6 minutlyk wideofilminde futbol ýyldyzlaryny jemledi

Nike kompaniýasy öňümizdäki 2026-njy ýylyň futbol boýunça Dünýä çempionatyna bagyşlanan «Ssenariýany täzeden ýazmak» («Rip the Script») atly 6 minutlyk täsirli mahabat filmini tanyşdyrdy. Bu wideorolikde......

düýn 00:08
6.8k+

Atlantik ummanynda sargassum suwotylarynyň güllemegi hemişelik we üýtgewsiz hadysa öwrüldi

Günbatar Afrikadan Karib deňzine çenli takmynan 8000 kilometre uzalyp gidýän sargassum suwotylarynyň uly Atlantik guşagy ummanyň hemişelik ekoulgamyna öwrüldi. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa-Ortaýer deňzi......

04.06.2026 23:16
4.2k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......