Türkmen welosipedçileri dünýä rekordyny täzelediler

  • 04.06.2019 18:01
  • 3.7k+

Türkmen welosipedçileri 2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş geçirip, dünýä rekordyny täzelediler. Bu barada Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişiň dabaralarynyň çäklerinde «Guinness World Records» kompaniýasynyň resmi wekili hanym Şeýda Subaşi-Gemiji Türkmenistanyň Prezidentine habar berdi.
Giň möçberli çärä 2019 sany welosipedçiler biri-biri bilen kesgitli aralykda bir hatara düzüldiler we Olimpiýa şäherçesiniň daşyndan öwrüm edip, 3300 metr aralygy geçdiler.
Aşgabatda 2019-njy ýylyň 3-nji martynda Hindistanda goýlan rekord täzelendi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi wekili we emin Şeýda Subaşi-Gemiji bellige aldy. Bu waka «Guinness World Records» kompaniýasy tarapyndan bellige alyndy we degişli güwänama bilen tassyklanyldy. Ol güwänama Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan guralan Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabarada gowşuryldy. Şeýlelikde, türkmen paýtagty gazanýan üstünliklerini, şol sanda sport ulgamynda eýeleýän sepgitlerini dowam etmek bilen, ýene-de Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.
Bu sanawda eýýäm Aşgabatda Olimpiýa şäherçesiniň desgalary bar. Munuň özi Olimpiýa stadionyndaky ahalteke bedewiniň çeper şekilidir we dünýäde iň uly ýapyk ýüzüş howdanly suw sport toplumydyr. Olimpiýa şäherçesiniň düzümine şu görnüşdäki desgalara bildirilýän halkara ölçeglere laýyk gelýän ýapyk welotrek girýär. Bu sport toplumynda diňe bir türgenleşikleri däl, eýsem, sebit we dünýä ähmiýetli çempionatlary geçirmek mümkinçiligi döredilendir.
Tomsuň ilkinji günleriniň birinde geçirilen welosipedli ýöriş hereket etmegiň iň bir peýdaly we ekologiýa taýdan arassa görnüşi hökmünde Türkmenistanda barha işjeň häsiýete eýe bolýan sportuň bu görnüşiniň ilat arasynda uly meşhurlyga eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

düýn 19:10
3.6k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 17:32
4.6k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....

düýn 10:53
6.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....