Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçilýär

  • 03.06.2019 04:59
  • 2.3k+

3-nji iýunda bütin dünýäde bolşy ýaly, Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni giňden bellenilip geçilýär, diýip CentralAsia.news habar berýär. Bütindünýä welosiped güni Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde esaslandyrylypdy. «Bütindünýä welosiped güni» Rezolýusiýasynyň awtordaşlary hökmünde 56 döwlet çykyş edip,resminama 198 döwletiň ählisi tarapyndan biragyzdan kabul edildi.
Bu gün köpçülikleýin welosipedli ýörişler we dürli sport çäreleri göz öňünde tutuldy. Baýramçylyk çärelerine köp sanly meşhur daşary ýurtly welosipedçileriň gatnaşmagyna garaşylýar. Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýakynda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary welosipedli ýörişleri gurnadylar. Türkmen hem-de daşary ýurtly diplomatlaryň, jemgyýetçilik, sport guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, ýaşlaryň, şo sanda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýörişler Özbegistanyň we Buharestiň paýtagtlarynda gurnaldy.
Ýatlap geçsek, welosport — Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen dünýäde iň meşhur hem giňden ýaýran sport görnüşleriniň biridir. Onuň taryhy 1869-njy ýylda Fransiýada Pariž we Ruan şäherleriniň arasynda gurnalan ilkinji köpçülikleýin ýaryşlardan gözbaş alýar.
2021-nji ýylda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde welotrek boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Türkmen paýtagty trekdäki welosport boýunça dünýä çempionatyny kabul etjek Aziýa yklymyndaky üçünji şäherdir. Öň bu ýaryşlar Ýaponiýanyň Maebasi we Hytaýyň Gonkong şäherlerinde geçirildi.

düýn 19:10
3.6k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 17:32
4.6k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....

düýn 10:53
6.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....