Türkmenistanda demir ýol petekleri onlaýn satylyp başlandy

  • 03.06.2019 04:26
  • 7.1k+

“Türkmendemirýollary” agentliginiň resmi sahypasyndan elektron biletleri onlaýn satyn almak mümkinçiligi ýola goýuldy, diýip Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmendemirýollary” agentliginiň resmi saýty habar berýär.
Ýolagçylar öz mobil telefonlaryna gurnalan "Türkmendemirýollary" agentligi programmasynyň kömegi ýa-da railway.gov.tm internet saýtyna girmek arkaly syýahat etmek isleýän wagtynda, şeýle hem syýahat etmek isleýän ugruna elektron biletleri satyn alyp bilerler. Biletleriň tölegini "Altyn Asyr" töleg kartlary arkaly amala aşyrmak göz öňünde tutulan.
"Türkmendemirýollary" agentligi şeýle hem Android we iOS ulgamlary üçin niýetlenilen programmalary ulanyjylara hödürledi. Programmalar arkaly elektron biletleri satyn almak bilen birlikde syýahat edilen ähli biletleri telefonyňyzda saklamak mümkin. Programmanyň Android telefonlary üçin niýetlenen görnüşini PlayMarket-den ýükläp almak mümkindir, iOS telefonlary üçin niýetlenen görnüşi häzirki wagtda işlenip düzülýär.
Ýylyň başynda «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy paýtagtyň ýaşaýjylary üçin täze hyzmaty girizdi, ýagny Aşgabatdaky poçta aragatnaşyk bölümlerinde ähli ugurlar boýunça demir ýol gatnawlary üçin petekleri satyn almak mümkin edildi. "Türkmendemirýollary" agentligi her ýyl takmynan 6 million ýolagça hyzmat edýär.
Agentligiň "Ýolagçy" bölüminde 5000 hünärmen zähmet çekýär. Hyzmatymyza türkmen sährasynyň ajaýyp peýzažynyň lezzetini duýmak isleýän dünýä jahankeşdelerinden we ýerli ýolagçylardan gelýän hoşallyk teswirleri agzybir işgärlerimizi has hem ruhlandyrýar. Agentligiň resmi saýtynda (http://www.railway.gov.tm/passengers) biletleriň bahasy, el we ýan goşlaryň düzgüni we elektron biletlerden peýdalanmagyň usuly hakynda ýolagçylar tarapyndan köp soralan esasy soraglaryň jogaplary berlen. Gerek maglumaty tapyp bilmedik ýagdaýyňyzda "089" belgisine jaň etmek arkaly habarlaşyp bolar.

düýn 16:26
3.5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

düýn 11:13
6.5k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

düýn 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

düýn 08:53
2.7k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....