3-5-nji iýulda Türkmenistanda ilkinji gezek awtomobil sergisi geçiriler

  • 01.06.2019 18:38
  • 9.4k+

«Türkmen sährasy-2019» atly halkara awtomobil sergisiniň guramaçylyk komiteti öz saýtyny işe girizdi. www.turkmensahrasy-2019.com saýtynda okyjylara maglumatlary 3 dilde: türkmen, rus we iňlis dillerinde okamaga mümkinçilik berýär. Bu barada Turkmenportal habar berýär.
Halkara awtomobil sergisi şu ýylyň 3-5 iýulynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda Senagat edarasynyň «Sergiler köşgünde» geçiriler. Ilkinji gezek bu sergi Türkmenistanyň Içeri işler minisrligi, Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministrligi we Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde gurnalýar. Bu sergi ýurdumyzda 2009-njy ýyldan bäri geçiriljek ilkinji awtomobil sergisi bolar.
Resmi saýtda berilýän maglumatlara görä, sergä gatnaşyjylara täze ýeňil, ýolagçy, ýük awtoulaglarynyň hem-de awtoulaglary bejermek üçin ýöriteleşdirilen tehnikalaryň, awtomobil gurluşygynyň innowasion tehnologiýalary, awto we elektronikada täze harytlaryň, gorag we gabaw ulgamlary hem-de howpsuzlygy üpjün etmek üçin gerek bolan tehnalogiýalaryň dürli görnüşleri görkeziler.
Serginiň esasy maksatlarynyň biri esasan, Türkmenistana awtomobil gurluşygynyň innowasion tehnologik çözüwlerini çekmek, awtomobil ulag gurallaryny öndürmek hem-de awtomobil ulaglaryna doly hyzmaty gurnamak bolup durýar. Her ýylda şu görnüşdäki sergiler, awtomobilgurluşygy, abzallar, enjamlar, aksessuarlar we işewürlik gepleşikleri üçin meýdança bolup hyzmat edýär. Bu sergide size diňe Türkmenistanyň däl, eýsem, bütin dünýä bazaryndaky awtomobil gurluşygynda täzelikler bilen tanyş bolmaga mümkinçilik dörär.
«Türkmen Sährasy-2019» Halkara sergisiniň çäginde awtomobil önümlerini öndürijiler bilen işewürlik duşuşyklary geçiriler. Sergä girelge mugt.

düýn 16:26
3.5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

düýn 11:13
6.5k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

düýn 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

düýn 08:53
2.7k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....