Türkmenistanyň Prezidenti Gadyr gijesi mynasybetli agzaçar sadakasyny berdi

  • 01.06.2019 17:57
  • 3.5k+

31-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gadyr gijesiniň gelmegi mynasybetli Marydaky Gurbanguly hajy metjidinde öz serişdeleriniň — ýazan kitaplary üçin gelip gowşan galam haklarynyň hasabyna agzaçar sadakasyny berdi. Oňa ýurdumyzyň müftüsi, ähli welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ymamlary, hormatly ýaşulular hem-de sebitiň ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Bu waka mynasybetli hem-de Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ýerde berýän agzaçar sadakasynyň hatyrasyna milli Liderimiziň 2016-njy ýylda Saud Arabystany Patyşalygynda bolup, haj parzyny berjaý eden pursadynda çuňňur hormatyň nyşany hökmünde berlen teperrik Gurbanguly hajy metjidine goýuldy.
Agzaçar wagtynyň ýetip gelmegi bilen sadaka gatnaşyjylaryň agşam namazyny okadylar. Soňra bu ýere ýygnananlara Gadyr gijesiniň hormatyna taýýarlanylan türkmen aşhanasynyň naharlary hödür edildi. Agzaçara gatnaşanlar dürli tagamlardan dadyp, Türkmen Lideriniň beren sadakasynyň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdiler.
Soňra Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykyp, türkmen topragynda parahatçylygyň we asudalygyň bolmagyny, halkymyzyň agzybirligini, milli Liderimize berk jan saglygyny we üstünlikli işlemegini, Gurbanguly Berdimuhamedowyň berýän sadakasyny kabul etmegini Beýik Biribardan dileg edip, aýat-doga okady.
Mukaddes Oraza aýynda hem-de sahawatly Gadyr gijesinde eziz Watanymyzyň röwşen geljegi, bagtyýar we asuda durmuş üçin edilen doga-dilegler, agzaçar sadakalary Gudraty güýçli Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

düýn 16:26
3.5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

düýn 11:13
6.5k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

düýn 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

düýn 08:53
2.7k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....