Şäherara awtobuslary üçin petekleriň onlaýn-satuwy ýola goýuldy

  • 31.05.2019 05:48
  • 6.2k+

Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag önümçilik birleşigi: we «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmenpoçta» kompaniýasy awtomenzil.gov.tm saýtynyň üsti bilen awtobus peteklerini satyn almak üçin onlaýn-hyzmatlary girizdiler. Şäherara awtobus gatnawlary üçin petekleri indi kassadan, mobil telefonlarynyň ýa-da öz-özüňe hyzmat ediş terminallarynyň üsti bilen satyn almak mümkin, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Awtobuslar üçin onlaýn-petekleri on gün öňünden satyn almak indi diňe bir amatly bolman, eýsem, örän ýeňildir. Jemgyýetçilik ýerlerinde — şäher awtomenzillerinde, bazarlarynda, söwda merkezlerinde we beýleki ýerlerde oturdylan terminallarda goşmaça hyzmat düwmejigi peýda boldy. Ondan peýdalanmak üçin müşderi menýunyň ýa-da terminalyň ýüzündäki gözleg setiriniň üsti bilen gitjek ýerini, senesini we wagtyny saýlamaly, ulgamyň talap edýän rekwizitlerini girizmeli. Petek üçin tölegi geçiren badyňyza siz awtobus üçin elektron petek alarsyňyz.
Mobil telefonynyň ýa-da kompýuteriň üsti bilen petek satyn almak üçin «Altyn asyr» bank kartlaryndan peýdalanmak bolar. Munuň üçin telefonyň eýesi öz telefon belgisini, pasport maglumatlaryny, gitjek senesini girizmeli. 
Operator tarapyndan degişli talapnama işlenilenden soňra, girizilen telefon belgä elektron petek iberiler. Awtobusa münülende sürüjä elektron petegi çap edip görkezmek hökman däl, oňa diňe pasportyňy görkezmek ýeterlikdir. Uzak aralyklara gatnaýan awtobuslaryň ählisi POS-terminallary bilen enjamlaşdyrylar. Olaryň kömegi bilen gatnawyň töleginiň geçirilendigi awtomatik ýagdaýda barlanylar. 

düýn 16:26
3.5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

düýn 11:13
6.5k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

düýn 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

düýn 08:53
2.7k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....