Türkmenistanyň milli ýygyndysy 1-nji iýunda açyk türgenleşik geçirer

  • 31.05.2019 05:36
  • 1.5k+

Bilşiňiz ýaly, häzirki wagtda futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy horwatiýaly tälimçi Ante Mişeniň ýolbaşçylygynda 2022-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň taýýarlygynyň çäginde paýtagtymyzda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. “Aşgabat” köpugurly stadionynyň türgenleşik meýdanynda 26-njy maýda badalga berlen türgenleşik ýygnanyşygy 2-nji iýuna çenli dowam eder.
Milli ýygyndymyzyň tälimçiler düzümi 1-nji iýunda geçiriljek türgenleşik ýygnanyşygynyň metbugatyň işgärleridir janköýerler üçin açyk görnüşde geçirýändiklerini mälim etdiler.
Şol sebäpli-de, milli ýygyndymyzyň “Aşgabat” köpugurly stadionynyň ot örtükli türgenleşik meýdanynda geçirjek okuw-ýygnanyşygyna gatnaşmaga isleg bildirýän žurnalistleri hem-de futbol janköýerlerini işjeň gatnaşmaga çagyrýarys. Açyk türgenleşigiň yzysüresi isleg bildiren žurnalistlere milli ýygyndymyzyň oýunçylarydyr tälimçiler düzümi bilen söhbetdeşlik geçirmäge mümkinçilik dörediler.
Milli ýygyndymyzyň 1-nji iýundaky türgenleşik ýygnanyşygy 19:00-da başlanar.
Ýeri gelende aýtsak, dünýä çempionaty – 2022-niň AFK yklymyndaky saýlama tapgyryna 5-nji sentýabrda badalga berler. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň saýlama tapgyrdaky garşydaşlary 17-nji iýulda geçiriljek bije çekişlikde belli bolar.
Horwatiýaly tälimçi Ante Mişeniň ýolbaşçylygynda milli ýygyndymyzyň deslapky ýygnanyşygy 26-njy maý – 3-nji iýun aralygynda paýtagtymyzda geçiriler. Şondan soň ýygyndy toparymyz BAE-niň Dubaý şäherine ugur alar. Ante Mişeniň tälim berýänleri Dubaýda Afrika yklymyna wekilçilik edýän ýygyndylaryň ikisi– Jibutiniň (5-nji iýun) hem-de Ugandanyň (9-njy iýun) milli ýygyndylary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Ýygyndy toparymyzyň BAE-däki okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 3-11-nji iýun aralygynda geçiriler.

düýn 19:10
3.8k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 17:32
4.7k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....

düýn 10:53
6.3k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.5k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....