«Google Play-da» smartfonlar üçin ilkinji türkmen oýny peýda boldy

  • 29.05.2019 05:26
  • 5.8k+

«Play merket-iň» programmalar magazininde Android operasion ulgamynyň binýadynda «Mymyjaklar» («Fuzzies») atly üç dilde smartfonlar üçin niýetlenen ilkinji türkmen oýny peýda boldy, diýip Turkmenportal habar berýär.
Fuzzies atly birtopar dürli reňkli togalajyk jandarlar bolan oýunda tortjagazlar we siziň strategiki başarnyklaryňyz zerur. 5 ýa-da ondan köp meňzeş reňkli topjagazlary dikligine, keseligine ýa-da diagonal görnüşde hatara düzen ýagdaýyňyzda şol hatar ýitýär. Bu oýun türkmenistanly Bagtyýar Jelilow tarapyndan döredildi. Smartfonlar üçin niýetlenilen ilkinji türkmen oýnunyň döredilmeginiň maksady — «Türkmenistanda sanly ykdysadyýete geçmegiň 2019-2025 ýyllar üçin Konsepsiýasyna» goşant goşmak bolup durýar.
Bu oýun «Google Play-e» ilkinji gezek 2019-njy ýylyň ýanwarynda iňlis we rus dillerinde ýüklenilipdi. Ýakynda bolsa, onuň obnowleniýesi çykarylyp, türkmen dili hem goşuldy. Ýakyn geljekde hytaý. Fransuz we türk dillerini goşmak meýilleşdirilýär.
Fuzzies diýlip atlandyrylýan 7 sany  dürli reňkli topjagazlar sizi özleri bilen ýatdan çykmajak syýahata alyp gider. Özboluşly we täsin logiki oýun bolan Fuzzies Türkmen oýny 3 bölümden we 90 tapgyrdan ybarat. 5 sany meňzeş reňkli topjagazlar hataryny nähili düzjegiňizi meýilleşdirmeli, kyn derejelerden geçmek üçin güýçlendirijileri ünsli ulanmaly. 
Oýny «Google Play-den» ýükläp alyp bolýar.

28.05.2026 23:53
5.5k+

iPhone ogrularyň eline düşen badyna gulplanar

Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny köçede ogurlamak ýa-da elden çekip almak synanyşygy bolanda, enjamy awtomat gurup goýjak täze funksiýanyň üstünde işleýär. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi....

28.05.2026 18:53
1k+

Google Gemini üçin niýetlenen täze «Googlebook» noutbuk seriýasyny çykardy

Google kompaniýasy Gemini Intelligence we ChromeOS bilen işlemek üçin ýörite döredilen, premium derejeli «Googlebook» noutbuk seriýasyny tanyşdyrdy. Onuň ilkinji enjamlary 2026-njy ýylyň güýzünde satuwa çykar....

28.05.2026 12:27
2.4k+

Apple kompaniýasy iOS 26.5-i çykardy: onda näme täzelikler bar?

Apple kompaniýasy resmi taýdan iOS 26.5 täzelenmesini hödürledi. Bu täzelenme ulanyjylara täze funksional mümkinçilikleri hödürlemek bilen birlikde, howpsuzlyk ulgamyndaky 50-den gowrak kemçilikleri düzedýär....

27.05.2026 14:38
1.7k+

«Eurostat» ýewropa kompaniýalarynyň näme üçin emeli aňy ulanmaýandyklaryny anyklady

Tehniki başarnyklaryň ýetmezçiligi, maglumatlaryň gizlinligi babatdaky gorkular we hukuk taýdan näbellilikler ýewropa kompaniýalarynyň emeli aň (EA) gurallaryny ulanmakdan ýüz döndermeginiň esasy sebäpleri......