31-nji maýda Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler

  • 29.05.2019 05:22
  • 3.5k+

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Baştutany Dmitriý Medwedow 31-nji maýda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabatda geçiriljek mejlisine gatnaşmagy meýilleşdirýär, diýip Russiýanyň Hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär.
Mejlisiň gün tertibine GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ykdysady we ynsanperwer ugry boýunça meseleleriniň giň toplumy giriziler. Mejlisiň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.
GDA-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň metbugat gullugynda habar berlişi ýaly, mejlise gatnaşyjylar onuň netijeleri boýunça  şu resminamalara gol çekerler: Arkalaşyga gatnaşýan döwletleriň fundamental barlaglary ulgamynda döwletara gatnaşyklaryny utgaşdyrmak hakynda Ylalaşyk; GDA-nyň harytlarynyň gelip çykyş ýurduny kesgitlemegiň düzgünleriniň 2009-njy ýylyň 20-nji noýabryndaky Ylalaşygyna ýütgeşmeler girizmek hakynda Beýannama; 
Arkalaşyga agza döwletleriň muzeý işi ulgamynda hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyk; Arkalaşyga agza döwletleriň arasynda daşalýan harytlaryň gümrük resminamalaşdyrylyşynyň we gümrük barlagynyň tertibi hakynda Ylalaşyga üýtgeşmeler girizmek hakynda Beýannama; Erkin ykdysady zolaklary döretmek hakynda Ylalaşyk; GDA döwletleriniň territoriýalaryndan üstaşyr geçirmegiň tertibi hakynda 1999-njy ýylyň 4-nji iýundaky Ylalaşygyna üýtgeşmeler girizmek hakynda Beýannama we beýlekiler.

düýn 17:29
6.3k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.1k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

09.06.2026 12:22
2.4k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

09.06.2026 12:11
12k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......