Wekilbazar, Sakarçäge we Türkmengala etraplarynda täze şäherçeler gurlar

  • 27.05.2019 19:07
  • 4.8k+

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de raýatlaryň ýaşaýyş jaýyna bolan isleglerini kanagatlandyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem Mary welaýatynda täze, döwrebap şäherçeleri gurmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Mary welaýatynyň häkimligine:
- Mary welaýatynyň Wekilbazar, Sakarçäge we Türkmengala etraplarynda guruljak täze döwrebap şäherçelerde degişli binalaryň we desgalaryň gurluşyk işlerini utgaşdyrmak, bu işleriň alnyp barlyşyna gözegçilik etmek hem-de şäherçeleriň gurluşygyny tapgyrlaýyn amala aşyrmak;
- täze guruljak döwrebap şäherçeleriň Baş meýilnamalaryny işläp düzmek, gurluşyk işlerine 2019-njy ýylyň iýun aýynda başlamak we bu işleri 2022-nji ýylyň iýun aýynda doly tamamlamak tabşyryldy.
Degişli resminamalara gol çekip, Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Bellenilişi ýaly, Mary welaýatynda täze şäherçeleriň gurulmagy Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň ýolunda nobatdaky ädime öwrüler. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly şäherçelerde, ilkinji nobatda, döwrebap durmuş-ykdysady düzümiň döredilmegi hakynda alada edilmelidir. Munuň özi adamlaryň ýokary durmuş ülňülerini, döredijilikli zähmet, amatly ýaşaýyş we dynç alyş üçin zerur mümkinçilikleriň döredilmegini üpjün etmelidir.

düýn 16:26
3.5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

düýn 11:13
6.5k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

düýn 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

düýn 08:53
2.7k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....