Moskwadaky «Remezan çadyrynda» Türkmenistanyň agşamy geçirildi

  • 27.05.2019 04:52
  • 4k+

Moskwadaky Poklonnyý goradaky Memorial metjidiniň ýanynda «Remezan çadyrynda» Türkmenistanyň agşamy geçirildi, diýip Orient saýty habar berýär.
Agzaçaryň begenjini paýlaşmak üçin bu ýere Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisiniň maslahatçysy Serdar Durdyýew, Türkmenistanyň Russiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Nyýazlyýew, şeýle hem Russiýadaky türkmen kowçumynyň ýolbaşçysy Mämmet Klyçew gatnaşdy. Serdar Durdyýew öz çykyşynda bu taslamany gurnaýjylara hem-de bu agşamy geçirmäge gatnaşanlaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi. «Ýylyň ýylyna «Remezan çadyrynyň» çäkleri has giňelýär, bu ýere gelýänleriň sany barha artýar. Bu taslama gatnaşmak biziň üçin örän begendiriji ýagdaý. Hemmelere bagt, abadançylyk hem-de saglyk arzuw edýärin» diýip, ol belledi.
Bu çäräniň dowamynda «Çadyryň» hormatly myhmanlary çykyş etdiler. Medeni maksatnamanyň çäklerinde myhmanlaryň öňünde sungat ussatlary çykyş etdiler, tanyşdyryjy wideoşekiller görkezildi. Şeýle hem bu agşamda dini jemgyýetçiligiň wekilleri çykyş etdiler.
«Remezan çadyry» Moskwanyň Musulmanlarynyň dini müdirligi tarapyndan her ýylda geçirilýär. Gurnalyp başlanyndan bu günki güne çenli bu çäreler musulman myhmansöýerliginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Bu günki güne çenli bu ýerde Pakistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň we beýlekileri agşamy geçirildi.


16.03.2026 23:40
19k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk günleri baradaky Permana gol çekdi

2026-njy ýylyň 16-njy martynda Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow Oraza baýramyny bellemek we Milli bahar baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi...

15.03.2026 09:34
8k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri we Türkmenistanyň Prezidenti agzaçar sadakasyny berdiler

14-nji martda, Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda Aşgabatda ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Türkmenistanyň Prezidenti agzaçar sadakasyny berdiler...

14.03.2026 15:39
14k+

Müň aýdan hem haýyrly gije – Gadyr gijesi

Gadyr gijesi şu ýyl 16-njy marta geçilýän gijä gabat gelýär. Käbir alymlaryň pikirine görä, bu gije diňe bir Remezan aýynyň däl, eýsem, ýylyň hem iň ähmiýetli gijeleriniň biri hökmünde görülýär. Kurany-kerimde: “Gadyr gijesi müň aýdan hem haýyrlydyr” diýilmegi, bu gijäniň gadyr-mertebesiniň uludygyny görkezýär...

14.03.2026 00:10
15k+

Türkmenistan Eýrana ynsanperwerlik kömegini iberer

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow goňşy Eýrana ynsanperwerlik kömegini ibermek hakyndaky Buýruga gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Yslam Respublikasyna iberiljek ynsanperwerlik ýüki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ugradylar...