«Grand Pri Pariž» ýaryşynda türkmen samboçylary 14 medal gazandylar

  • 27.05.2019 04:22
  • 2k+

24 — 26-njy maý aralygynda Fransiýa Respublikasynyň paýtagtynda erkekleriň hem-de zenanlaryň arasynda sambo we söweş sambosy boýunça halkara ýaryş geçirildi. Hatarynda on ýedi türgen, üç tälimçi we bir emin bolan Türkmenistanyň wekilçilikli topary dürli derejeli medallara mynasyp bolup, ýurdumyza dolanyp geldi.
Sambo boýunça ýaryşlarda türkmenistanly türgenler iň ýokary gymmatlygy bolan baýraklaryň bäşisini eýeläp, hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdylar.
64 kilograma çenli agram derejesinde zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgäri Gülnar Haýytbaýewa birinji orny eýeledi. Şonuň ýaly netijäni Kerim Allanurow (57 kilograma çenli agram dereje), Ýusupmyrat Atamyradow (68 kilograma çenli), Begenç Baltaýew (74 kilograma çenli) we 90 kilograma çenli agram derejesinde göreşen Guwanç Begaliýew gazandy.
Söweş sambosy boýunça ýaryşlarda medallar ugrunda güýç synanyşmagyň netijesi has-da «bereketli» boldy, ýagny dört altyn, dört kümüş we bir bürünç medallar gazanyldy.
57 kilograma çenli derejede Milli howpsuzlyk institutynyň dördünji ýyl talyby Ahmet Tanriberdiýewe taý tapylmady, 68 kilograma, 82 kilograma we 100 kilograma çenli derejelerde degişlilikde Abdylla Babaýew, Jawlanbek Madaminow we Babajan Iwadullaýew ýeňişlerini baýram etdiler.
Söweş sambosy boýunça ýaryşlaryň erkekler tapgyrynda çykyş eden türgenler ýaly, zenanlarymyz hem türkmen toparyna kümüş medallaryň ikisini goşdular. 62 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Ruslan Ýusupowa we Rüsdem Penjiýewe (74 kilograma çenli agram dereje), Weronika Rus (60 kilograma çenli) we Gülnar Haýytbaýewa (64 kilograma çenli) daga ýeňşe ýetmäge sähelçe galdy. G.Haýytbaýewa üçin sport ýa-da nusgawy sambo boýunça ýaryşlarda ýeňiş gazanan çykyşyndan soň, Fransiýanyň paýtagtyndaky ýaryşda bu baýrak eýýäm ikinjisi boldy.
Mundan başga-da, 100 kilograma çenli derejede ýaryşan Ulaglardaky polisiýa müdirliginiň işgäri Çarymyrat Annagurbanow toparymyzyň gazananlarynyň üstüne bürünç medal goşdy.

şu gün 08:03
1k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

düýn 19:10
5k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 17:32
5.9k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....

düýn 10:53
6.9k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......