Türkmenistanda ýaşlaryň iş üpjünçiligi boýunça maksatnama işlenip düzülýär

  • 25.05.2019 05:34
  • 2.8k+

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipelerden ugur alnyp, «Türkmenistanda ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmagyň we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmegiň maksatnamasynyň» hem-de bu resminamany durmuşa geçirmegiň meýilnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Onuň baş maksady ykdysadyýetimiziň pudaklary boýunça hünärmenlere bolan zerurlyklary öwrenmekden hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleri kabul etmekden, ýaşlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan, ýaş işgärler üçin degişli ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmekden, ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan höwesini artdyrmakdan ybaratdyr. Şeýle hem häzirki döwürde öňdebaryjy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary baradaky bilim zerur bolan iş orunlarynyň möçberini artdyrmak göz öňünde tutulýar. Bu barada sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer G.Myradow Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi, diýip «Altyn asyr: Türkmenistan» elektron neşiri habar berýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy senagatlaşdyrmagy ugur edinýän Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy wezipelerinden ugur alanyňda, giň dünýägaraýyşly we öňde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli çözmäge ukyply ýokary hünärli işgärlere bolan islegiň artýandygyny nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti bu maksatnamanyň ýaşlaryň zähmet bazarynda bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna, olaryň paýhas we döredijilik mümkinçiliginiň işjeň herekete girizilmegine gönükdirilmelidigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan toplumlaýyn işleri dowam etdirmek barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

düýn 16:26
3.5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

düýn 11:13
6.5k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

düýn 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

düýn 08:53
2.7k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....