Göreşiji Mekan Meretdurdyýew Witebskde MMA-da Sergeý Nawoýewden üstün çykdy

  • 25.05.2019 04:48
  • 6.5k+

Witebsk (Belarus) şäherinde MMA-nyň garyşyk başa-baş göreş boýunça professional ýaryşlary geçirildi. Bu ýaryşda türkmenistanly Mekan Meretdurdyýew ýeňil agramda ilkinji ýaryşyny geçirdi. Ol 71 kilograma çenli agram derejede çykyş edip, Sergeý Nawoýewden ynamly üstün çykdy, diýip Turkmenportal «Нейтральный Туркменистан» gazetine salgylanyp habar berýär.
Birnäçe ýyllaryň dowamynda Mekan Türkmenistanyň hanmudo fededarasiýynyň başlygy, at gazanan tälimçisi Orif Buharakowyň we sport ussady Şöhrat Allaýewiň elinde türgenleşik geçýär.
Başa-baş göreşiň dürli görnüşleri boýunça ençeme gezek Türkmenistanyň çempiony bolmagy başaran Mekan Meretdurdyýew halkara derejesinde hem birnäçe baýraklary eýeledi. Mysal üçin, 2016-njy ýylda ol Azerbaýjanda geçirilen pençak-silat boýunça «Parahatçylyk kubogy» ugrundaky ýaryşda bürünç medal aldy.
Watandaşymyzyň garşydaşy Sergeý Nawoýew grepling we söweş pankration boýunça Belarusuň çempiony. Mekan onuň bilen göreş wagtynda birinji periodyň bir ýarym minudy geçenden soňra garşydaşyny tehniki nakauta ýatyrdy. Bu ajaýyp ýeňiş türkmen türgenine uly sportuň gapysyny açdy.
Häzirki wagtda 19 ýaşly Mekan P.M.Maşerow adyndaky Witebsk döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň ikinji kursuny tamamlaýar. Watanymyza dolanyp gelenden soňra, ol göreş sungaty bilen meşgullanmagyny dowam eder. Geljekde ol ýaş, zehinli türkmen türgenleri bilen tejribesinni paýlaşmak üçin tälimçi bolmagy meýilleşdirýär.
MMA halkara ýaryşy Witebskde geçdi. Bu abraýly ýaryşa Türkmenistandan, Täjigistandan, Russiýadan, Gyrgyzystandan, Latwiýadan, Belarusdan, Fransiýadan türgenler gatnaşdy.

düýn 19:10
3.7k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 17:32
4.7k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....

düýn 10:53
6.3k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....