Kaka etrabynda döwrebap guşçulyk toplumy işe girizildi

  • 24.05.2019 06:06
  • 4.7k+

Kaka etrabynyň çäginde towuk etini we ýumurtga öndürmäge niýetlenen döwrebap guşçulyk toplumynyň açylyş dabarasy boldy.
«Röwşen — Rahym» daýhan hojalygynyň buýurmasy esasynda “Gozgan Gala” hojalyk jemgyýetiniň bina eden guşçulyk toplumy ýylda 30 million ýumurtga we 80 tonna guş etini öndürmäge niýetlenendir. Onuň çäginde dört inkubator bolup, şolarda birbada 100 müň towuk saklamaga mümkinçilik bar. Hususan-da, bu ýerde ýumurtga berýän towuklar, şeýle hem jüýjeleri ösdürmek üçin ýörite desgalar göz öňünde tutuldy. Ähli bölümler doly awtomatlaşdyryldy. Şolar ýörite enjamlar, şol sanda amatly howany saklamaga, howany arassalamaga, suw bilen üpjün etmäge niýetlenen enjamlar bilen üpjün edildi.
Şeýle hem topluma uzakmöhletleýin esasda peýdalanmak üçin 105 gektar ýer bölünip berildi. Şonuň 5 gektarynda önümçilik desgalary bolup, beýleki ýerler ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmekde peýdalanylar. Häzirki döwürde guşçulyk toplumynda Eýrandan we Türkiýeden getirilen 92 müňden gowrak towuk saklanylýar. Bu kärhananyň önümlerini ýerli bazarda ýerlemek bilen bir hatarda, eksporta hem ugradylar. Bu ýerde onlarça iş orunlary döredildi.
Bu ýerde işgärleriň zähmet çekmegi we dynç almagy üçin zerur şertler üpjün edildi. Naharhana we işgärler üçin niýetlenen desgalar olaryň ygtyýarynda. Oba hojalygy bilen meşgullanýan hususy kompaniýalaryň önümçiliginiň netijeliliginiň ýokary bolmagy öndürilýän önümleriň mukdarynyň we hiliniň artmagy bilen bir hatarda, kärhananyň düşewüntliligini hem artdyrar.

düýn 16:26
3.5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

düýn 11:13
6.5k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

düýn 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

düýn 08:53
2.7k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....