Aşgabatda geçiriljek Sambo boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk dowam edýär

  • 24.05.2019 05:57
  • 1.9k+

Ýakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministri hem-de Daşary işler ministriniň orunbasary we Milli Olimpiýa komitetiniň Baş Sekretary Halkara Sambo federasiýasynyň (FIAS) prezidenti W.Şestakowyň çakylygy boýunça Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde saparda boldular. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Türkmen wekiliýeti FIAS-nyň Moskwadaky edarasynda 2020-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Sambo boýunça dünýä çempionatynyň birnäçe meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara Sambo federasiýasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň 2019-njy 22-nji martynda geçirilen mejlisinde şeýle iri göwrümli çäräniň Türkmenistanda geçirilmegi hakyndaky karar kabul edildi.
Halkara Sambo federasiýasynyň prezidenti W.Şestakow bilen duşuşygyň hem-de Sambo boýunça dünýä ýaryşynyň Aşgabatda geçirilmegi boýunça ýörite döredilen iş toparynyň mejlisine laýyklykda degişli şertnama gol çekildi.

düýn 19:10
3.6k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 17:32
4.6k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....

düýn 10:53
6.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....