Ýylyň iň gowy halylary yglan edildi

  • 22.05.2019 23:38
  • 2.9k+

Türkmen halysynyň milli muzeýinde Türkmenistanyň halyçylyk kärhanalarynyň arasynda geçirilýän bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi, diýlip ORIENT agentligi habar berýär. Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli her ýylda geçirilýän bu bäsleşik milli halyçylyk sungatyny gorap saklamaga we ösdürmäge gönükdirilendir.
Bäsleşikde baş baýraga Türkmen halysynyň milli muzeýiniň «Arşyň nepisligi» atly halysy mynasyp boldy. Ony bütin ýylyň dowamynda muzeýiň halyçylary dokadylar. Beýleki baýrakly orunlary ýurdumyzyň sebitleriniň çeper halyçylyk kärhanalary eýelediler. Olaryň hatarynda Esenguludan (Balkan welaýaty), Halaçdan (Lebap welaýaty) halyçylaryň el işleri bar.
Bäsleşigi gurnaýjylaryň bellemegine görä, 23 sany işiň arasyndan nepisligi, gölleriniň deň ýerleşdirilmegi, reňk sazlaşygy hem-de beýleki şertleri boýunça iň naýbaşylary saýlanylyp alyndy.
Türkmen halylary bütin dünýäde deňsiz-taýsyz gözelligi, inçeden nepisligi, göllere baýlygy bilen meşhurdyr. Türkmen halyçy zenanlaryny el işlerine agyr zähmeti sarp edýärler, çünki haly dokamak sabyrlylygy hem-de janypkeşligi talap edýär. Halyçylyk bilen meşgullanmak aýratyn başarnygy talap edýär. Mysal üçin, bir gölden beýlekisine çenli aralygy dogry kesgitlemek üçin, matematiki nukdaýnazardan dogry hasaplamagy başarmak gerek.

düýn 16:26
3.5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

düýn 11:13
6.5k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

düýn 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

düýn 08:53
2.7k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....