«Merjen aý» HK gurluşyk reňkleriniň önümçiligini giňeldýär

  • 22.05.2019 06:46
  • 3.8k+

«Merjen aý» hususy kärhanasy şu ýylda bezeg işlerinde peýdalanmak üçin suw-emulsiýa reňkleriniň 2 müň tonnasyny öndürmegi meýilleşdirýär. Telekeçi Ýakup Işanow sekiz ýyl mundan ozal ýurtda ilkinjileriň hatarynda uly isleg bildirilýän bu gurluşyk harydynyň önümçiligini gurnapdy. Häzirki wagtda bu HK bazaryň bu toplumynda öňdebaryjy kompaniýalaryň birine öwrüldi.
Ilkibaşda, bu kärhana içerki abatlaýyş-bezeg işleri üçin reňkleri öndürmekden başlap, soňlugy bilen — binalaryň fasadlary, diwarlaryň we potoloklaryň ýüzi üçin suw emulsion akril we silikon reňkleri öndürip başlady.
Häzirki wagtda has gymmat import harytlarynyň ornuny tutýan «Merjen aý» HK-nyň köp sanly önümleri gurluşyk firmalary we potratçy edaralar tarapyndan uly islegden peýdalanylýar.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda hereket edýän kärhanada agaç we metal gurluşlaryň ýüzüne çalmak üçin emal reňkleri öndürmeklige taýýarlyk işleri dowam edýär. Bu ýerde 4 reňkli önümleriň önümçiligine mümkinçilik berjek, önümleriň poslamadan goragyny üpjün etjek hem-de ulanyş möhletini uzaltjak enjamlar oturdylar.

düýn 11:08
802

Ferrari we HP bilelikde 4999 nusgalyk çäkli noutbuk tapgyryny çykararlar

Ferrari we HP kompaniýalary «HP Limited Edition Scuderia Ferrari AI PC» atly çäkli tapgyrdaky noutbuklaryny tanyşdyrdylar. Bu enjamlardan jemi 4999 nusga öndüriler we olaryň hersi aýratyn belgileniler....

09.06.2026 22:05
1.8k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

09.06.2026 12:01
1.7k+

ASML Ýewropanyň taryhynda iň gymmat kompaniýa boldy

Çipleri öndürmek üçin litografiýa skanerleriniň dünýäde iň uly üpjünçisi bolan Niderlandlaryň ASML kompaniýasy Ýewropanyň taryhyndaky iň gymmat kompaniýa öwrüldi. Onuň bazar gymmaty 668 milliard dollara ýetip,......

08.06.2026 13:03
3k+

Airbus «A320» uçarlar maşgalasy üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy maý aýynyň ahyryna çenli «A320» maşgalasyna degişli ýolagçy uçarlary üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy. Bu görkeziji Ýewropanyň uçargurluşykçysynyň iň köpçülikleýin......