GDA döwletleriniň gümrük gulluklarynyň bilelikdäki hereketi boýunça ylalaşyk kabul edildi

  • 22.05.2019 06:22
  • 1.6k+

31-nji maýda Aşgabatda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň mejlisinde intellektual eýeçilikdäki obýektlere bolan hukuk ulgamynda GDA gatnaşyjy döwletleriň gümrük gulluklarynyň bilelikdäki hereketi hakynda ylalaşygyň taslamasyna garamak meýilleşdirilýär.
BELTA habarlar agentliginiň GDA-nyň Ýerine Ýetiriji geňeşiniň maglumat-seljerme departamentine salgylanyp habar bermegine görä, bu ylalaşyk kontrafakt (gadagan edilen) harytlaryň dolanyşygyny ýüze çykarmak we öňüni almak üçin maglumat alyşmak meseleleri boýunça Arkalaşyga gatnaşýan döwletleriň gümrük gulluklarynyň özara hereketiniň ýeňilleşdirilmegini göz öňünde tutýar.
Hökümet Baştutnalarynyň duşuşygynyň gün tertibine 2030-njy ýyla çenli döwür üçin innowasion hyzmatdaşlygyň döwletara maksatnamasynyň taslamasyny işläp düzmek meseleleri hem girizildi. Täze resminama bu ugurdan 2020-nji ýylda tamamlanýan öňki maksatnamanyň logiki dowamy bolar.
Şeýle hem GDA döwletleriniň hökümet Baştutanlarynyň düýpli ylmy barlaglar ulgamynda döwletara gatnaşyklary utgaşdyrmak hakynda ylalaşyga gol çekmek hem meýilleşdirilýär.
Mejlisde şeýle hem GDA-da harytlaryň gelip çykyşyny kesgitlemegiň düzgünlerini, Arkalaşygyň döwletleriniň çäklerinden üstaşyr geçirmegiň tertibini üýtgetmek we üstüni ýetirmek we ş.m. beýleki meselelere seredip geçmek meýilleşdirilýär.

düýn 16:26
3.5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

düýn 11:13
6.5k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

düýn 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

düýn 08:53
2.7k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....