Gurban Berdiýew «ManSitiniň» tälimçisi Hosep Gwardiola bilen duşuşmakçy

  • 20.05.2019 00:44
  • 5.1k+

«Rubin» Kazan toparynyň baş tälimçisi Gurban Berdiýew «Mançester Siti» toparynyň baş tälimçisi ispaniýaly hünärmen Hosep Gwardiola bilen duşuşmak üçin Beýik Britaniýa baryp görmegi meýilleşdirýändigini aýtdy, diýip Turkmenportal saýty «Газета.ру» rus neşirine salgylanyp habar berýär. Hünärmeniň bellemegine görä, ol «Mançester Siti» toparynda tejribelik geçmegi meýilleşdirýär.
«Men eýýäm Gwardiola bilen görüşdim, emma biz gürleşip bilmedik. Şol gezek, gynansak-da, onuň ogly ýaramandyr. Islendik ýagdaýda hem men bu duşuşygy gurnandygy üçin Aleksandr Zinçenko minnetdarlyk bildirýärin. Biz indiki gezek duşuşmagy maýilleşdirdik. Şonuň üçin hem şu tomusda onuň bilen duşuşmagy we ýakyndan gürleşmegi meýilleşdirýärin. Şeýle hem Maurisso Sarri bilen görüşmek isleýärin» diýip Gurban Berdiýew «Matç Premýer» teleýaýlymynda gürledi.
«Mançester Siti» toparynyň baş tälimçisi Hosep Gwardiola tamamlanan möwsümde Angliýanyň premýer-ligasynyň iň gowy tälimçisi adyna eýe boldy. Bu baýraga şeýle hem Ýurgen Klopp («Liwerpul»), Maurisio Poçettino («Tottenhem Hotspur») we Nunu Eşpiritu Santu («Wulwerhempton») dalaş edýärdi.
2009-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Gurban Berdiýewiň tälimçilik etmeginde «Rubin» topary UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çäklerinde «Kamp Nou» stadionynda «Barselonany» ýeňmegi başardy. Şol döwür ispan toparyny Hosep Gwardiola türgenleşdirýärdi. Iki hepdeden soňra «Rubin» öz öýünde Gwardiolanyň topary bilen deňme-deňlikde oýnap, şol üstünliginiň tötänlik däldigini subut etdi.

düýn 19:10
3.6k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 17:32
4.6k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....

düýn 10:53
6.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....