Türkmenistanda telekeçilik boýunça täze ýokary okuw mekdebi açylar

  • 20.05.2019 00:18
  • 5.2k+

Türkmenistanda hususy pudagy işgärler bilen üpjün etmek üçin bazar ykdysadyýetiniň ýokary derejeli hünärmenlerini taýýarlaýan ýokary okuw mekdebini döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Bu barada sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen hökümet mejlisinde habar berildi. Wise-premýer Ç.Gylyjowyň hasabatyna görä, täze ýokary okuw mekdebiniň taslamasy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan ýurdumyzyň Bilim ministrligi bilen bilelikde işlenip taýýarlanylýar.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda kiçi we orta işewürlik kärhanalarynyň sanynyň, telekeçilik düzümleriniň barha köpelýändigini belledi. Şoňa görä-de, menejment, marketing hem-de beýleki ugurlar boýunça hünärmenleri hünär taýdan taýýarlamaga degişli täze ýokary okuw mekdebiniň açylmagy döwrüň talabydyr. Döwlet Baştutany dünýä derejesinde gözýetimi, strategik pikirlenişi hem-de durmuş taýdan jogapkärçiligi bolan, jemgyýetimiziň we ýurdumyzyň ösmegine uly goşant goşmaga ukyply halkara derejeli işewürleri kemala getirmegiň zerurdygyny aýtdy hem-de bu möhüm taslamany durmuşa geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz öňdebaryjy tehnologiýalary we okatmagyň usullaryny peýdalanmak, tejribeli mugallymlary çekmek bilen, işewürlik biliminiň innowasion gurşawynyň döredilmegine ünsi çekdi.
ORIENT habarlar agentliginiň bellemegine görä, deslapky taslama boýunça telekeçilik boýunça ýokary okuw mekdebinde 6 fakultet, 17 kafedra we dil bölümi bolar. Ykdysadyýetiň şu günki hem-de geljekki talaplaryna laýyklykda, 25 hünär göz öňünde tutulýar. Geljekde olar hem has giňeldilip bilner. Biznes-bilimiň uniwersallygy hakyndaky pikir täze ýokary okuw mekdebiniň taslamasyna ilkibaşdan goşulandygy üçin bu edaranyň uniwersitet statusyny almagy mümkin. Şeýle hem türkmen we iňlis dillerinden başga-da, dünýäde has köp isleg bilidirilýän we telekeçilikde zerur bolan beýleki daşary ýurt dillerini hem öwretmek göz öňünde tutulýar. Bazar ykdysadyýeti boýunça ýokary okuw mekdebinde bilim almak tölegli esasda bolup, onuň okuw maksatnamalary öňdebaryjy tehnologiýaalara we usullara, halkara standartlaryna we dünýäniň bu ugurdaky ýörelgelerine esaslanar. Ylalaşmak hem-de tassyklamak boýunça zerur işlerden soňra, täze ýokary okuw mekdebi ilkinji talyplaryny eýýäm indiki okuw ýylyndan kabul edip biler.

düýn 11:08
803

Ferrari we HP bilelikde 4999 nusgalyk çäkli noutbuk tapgyryny çykararlar

Ferrari we HP kompaniýalary «HP Limited Edition Scuderia Ferrari AI PC» atly çäkli tapgyrdaky noutbuklaryny tanyşdyrdylar. Bu enjamlardan jemi 4999 nusga öndüriler we olaryň hersi aýratyn belgileniler....

09.06.2026 22:05
1.8k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

09.06.2026 12:01
1.7k+

ASML Ýewropanyň taryhynda iň gymmat kompaniýa boldy

Çipleri öndürmek üçin litografiýa skanerleriniň dünýäde iň uly üpjünçisi bolan Niderlandlaryň ASML kompaniýasy Ýewropanyň taryhyndaky iň gymmat kompaniýa öwrüldi. Onuň bazar gymmaty 668 milliard dollara ýetip,......

08.06.2026 13:03
3k+

Airbus «A320» uçarlar maşgalasy üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy maý aýynyň ahyryna çenli «A320» maşgalasyna degişli ýolagçy uçarlary üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy. Bu görkeziji Ýewropanyň uçargurluşykçysynyň iň köpçülikleýin......