Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler

  • 19.05.2019 05:06
  • 2.4k+

25 — 26-njy maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly XVIII köpugurly halkara sergi hem-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli medeni çäreler geçiriler. Bu çärelere görülýän taýýarlyk barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagtymyzyň seýilgählerinde artistleriň hem-de döredijilik toparlarynyň çykyşlary guralar. Aşgabat şäheriniň Parahat — 7 ýaşaýyş toplumynda 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň dördüsi ulanmaga berler hem-de 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 23-siniň düýbi tutular, şeýle hem Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda täze seýilgähiň açylyş dabarasy bolar.

Wise-premýer Gurbanguly Berdimuhamedowa bu sergä daşary ýurtlaryň işewürler toparlarynyň hem-de iri halkara kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmagynyň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşlary hem-de Türkmenistanyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, hususy kärhanalary we telekeçileri bar. Olar halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynda öndürilýän önümleriň dürli görnüşlerini görkezerler.

Gurbanguly Berdimuhamedow «Ak şäherim Aşgabat» atly XVIII köpugurly halkara serginiň täze taslamalary we teklipleri hödürlemek üçin netijeli çäre boljakdygyny, daşary ýurtly myhmanlara Türkmenistanyň halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň hem-de düzümleriniň gazananlary, Aşgabat şäheriniň senagat-medeniýet we intellektual babatda ýeten derejesi, ägirt uly durmuş-ykdysady mümkinçilikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berjekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu işewürlik çäresiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Forumyň diňe bir hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam bermän, iň gowy tejribäni iş ýüzünde ulanmaga mümkinçilik berjekdigi möhümdir.

düýn 16:26
3.5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

düýn 11:13
6.5k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

düýn 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

düýn 08:53
2.7k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....