Iýun aýynda Türkmenistanda amerikan filmleriniň görkezilişi bolar

  • 18.05.2019 00:16
  • 3.2k+

1-nji iýunda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy «Kosmosy özleşdirmek we ylmy we taryhy» atly filmleriň we surat sergileriniň görkezilişini gurnaýar. Bu barada ORIENT habarlar agentligi habar berýär.

Tomsuň ilkinji gününde Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary tematiki surat sergisine, «WALL-I» multfilmine, şeýle hem «Aýdaky adam» we «Gizlin figuralar» atly kinofilmleriň rus dilinde görkezilişine syn edip bilerler. Görkezilişler Türkmenabat şäherindäki S.Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda geçiriler.

«Pixar» studiýasynyň gysgametražly «WALL-I» multfilmi dolymetražly iň gowy animasion film hökmünde OSKAR baýragyna mynasyp bolupdy. «Aýdaky adam» we «Gizlin figuralar» kinofilmleri bolsa — iň gowy film we ses boýunça abraýly kino baýraklaryna hödürlenipdi.

2-nji iýunda medeni maksatnama paýtagtymyzdaky «Aşgabat» kinoteatrynda, 2-3-nji iýunda bolsa — Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda görkeziler.

8-9-njy iýunda amerikan kinofilmleriniň we surat sergisiniň görkezilişi Daşoguz welaýatyndaky N.Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda dowam eder.

14-15-nji iýunda medeni maksatnama Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki S.Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda, 16-njy iýunda bolsa, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Medeni-sport toplumynda görkeziler.

Amerikanyň diplomatik wekilhanasy şular ýaly kinogörkezilişlerini yzygiderli gurnaýar. Soňky gezek şular ýaly görkezilişler şu ýylyň fewralynda geçirildi.

düýn 16:26
3.5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

düýn 11:13
6.5k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

düýn 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

düýn 08:53
2.7k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....