«Berk ojak» HJ ilkinji türkmen routerlerini öndürer

  • 16.05.2019 18:51
  • 5.1k+

2019-njy ýylyň ortalaryndan başlap, türkmenistanlylar ýerli routerleri satyn alyp bilerler, olar import edilýän analoglaryndan amatly bahadan satylar. Kassa enjamlaryny we töleg terminallaryny öndürmek bilen meşgullanýan «Berk ojak» hojalyk jemgyýeti türkmen routerlerini öndürmegi meýilleşdirýär. Bu barada centralasia.news saýty habar berýär.

2018-nji ýylyň ýanwaryndan bäri, kärhananyň hünärmenleri ilkinji ýerli bank töleg terminallarynyň (POS-terminallaryň) we beýleki töleg çözgütleriniň önümçiligini ýola goýdy. Ýurdumyzyň çäginde söwda merkezlerinde nagt däl görnüşinde hasaplaşmak üçin terminallar we kassa apparatlary bu kärhananyň hünärmenleriniň zähmetiniň netijesidir.

Maglumata laýyklykda, halkara tejribesiniň öwrenilmegi we kompaniýanyň inženerleriniň, programmistleriniň we dizaýnerleriniň bilelikde işlemeginde terminal üçin ýöriteleşdirilen programma üpjünçiliginiň işlenip düzülmegi bu önümiň öndürilmegine esas bolupdyr.

Ilkibaşdan, bu kärhananyň işi önümçiligiň doly toplumyny öz içine almak ýörelgesi esasynda gurnaldy. Ýagny, POS-terminallary we töleg çözgütlerini öndürmekden we ibermekden başlap, Türkmenistanyň çäginde olara doly hyzmat edişi amala aşyrmaklygy öz içine aldy.

Özbaşdak önümçiligi ýola goýmak netijeli boldy we import önümlerine bäsdeşlik etmäge mümkinçilik berdi. Bu önümleriň özüne düşýän gymmaty hem birnäçe esse arzan boldy. Bu önüme daşary ýurtlardan hem gyzyklanmalar dessine peýda boldy. Russiýa, Gazagystan, Katar, Eýran bilen POS-terminallary eksport etmeklige şertnamalar baglaşylýar. Maglumata görä, kärhana ýylda 3-4 müň sany önüm öndürmäge ukyplydyr.

28.05.2026 23:53
5.5k+

iPhone ogrularyň eline düşen badyna gulplanar

Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny köçede ogurlamak ýa-da elden çekip almak synanyşygy bolanda, enjamy awtomat gurup goýjak täze funksiýanyň üstünde işleýär. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi....

28.05.2026 18:53
1k+

Google Gemini üçin niýetlenen täze «Googlebook» noutbuk seriýasyny çykardy

Google kompaniýasy Gemini Intelligence we ChromeOS bilen işlemek üçin ýörite döredilen, premium derejeli «Googlebook» noutbuk seriýasyny tanyşdyrdy. Onuň ilkinji enjamlary 2026-njy ýylyň güýzünde satuwa çykar....

28.05.2026 12:27
2.4k+

Apple kompaniýasy iOS 26.5-i çykardy: onda näme täzelikler bar?

Apple kompaniýasy resmi taýdan iOS 26.5 täzelenmesini hödürledi. Bu täzelenme ulanyjylara täze funksional mümkinçilikleri hödürlemek bilen birlikde, howpsuzlyk ulgamyndaky 50-den gowrak kemçilikleri düzedýär....

27.05.2026 14:38
1.7k+

«Eurostat» ýewropa kompaniýalarynyň näme üçin emeli aňy ulanmaýandyklaryny anyklady

Tehniki başarnyklaryň ýetmezçiligi, maglumatlaryň gizlinligi babatdaky gorkular we hukuk taýdan näbellilikler ýewropa kompaniýalarynyň emeli aň (EA) gurallaryny ulanmakdan ýüz döndermeginiň esasy sebäpleri......